Bosniýanyň saýlawy…

Bosniýa-Gersogowinada geçirilen saýlawda 3 etniki toparyň öňe saýlanan milletçi dalaşgärleri üstün çykdy

155265
Bosniýanyň saýlawy…

Sesleriň 80 göterimine golaýy sanalan saýlawda boşnýak lider Bakir İzzetbegowiç sesleriň 33 göteriminden gowragyny alyp, ikinji gezek saýlanmagyň hötdesinden geldi.
Prezidiumyň beýleki 2 agzalygy üçin bolsa serp Zelžka Swižanowiç we harwat Dragan Jowiç saýlawda öňde barýar.
İzzetbegowiçiň iň ýakyn bäsdeşi Fahruddin Radonjij bolsa seslerin 26 göterimini aldy.
Saýlaw ýeňişinden soň çykyş eden İzzetbegowiç “galplyga we jenaýatçylyga garşy göreşjek, ykdysadyýeti täzeden dikeldip iş üpjünçiligini artdyrmak ugrunda arman-ýadaman işelejek” Prezidiumyň beýleki agzalary bilen bilelikde işleşmek isleýändigini aýtdy.
Mejlis we döwlet baştutanlygy saýlawlarynda bolsa sesler sanalmaga dowam edilýär.
Saýlawda iň köp dalaşgäre eýe bolan boşnýaklaryň 10 dalaşgäri bar.
Harwatlar 4, serpler 2 dalaşgär bilen saýlawa gatnaşýar. Dalaşgärleriň arasynda üstün çykan 3 adam Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumyny emele getirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar