YDYD guramasy Kobanini bombalamaga dowam edýär

Şäherde güýçli çaknyşyklar bolýar

152106
YDYD guramasy Kobanini  bombalamaga dowam edýär


YDYD guramasy halkara koalisia tarapyndan guralýan howa hüjümlerine garamazdan Siriýanyň demirgazygyndaky Kobani şäherini bombalamaga dowam edýär.
Siriýanyň Adam hukuklary guramasy YDYD guramasynyň şäheriň esasy böleginiň gözegçiligini ele geçirendigini habar berdi.
Merkezi Britaniýada ýerleşýän guramanyň başlygy Rami Abdurrahman Kobaniniň gündogarynyň, demirgazyk gündogarynda we günorta gündogarynda hem käbir ýerleriň gözegçiliginiň YDYD guramasyna geçendigini aýtdy.
Abdurrahman başbozarlaryň şäher merkezine ýene-de 100 metr golaýlandygyny belledi.
Şäherde güýçli çaknyşyklar bolýar.
Amerika we İordaniýa degişli harby uçarlar şäherde YDYD guramasyna degişli ýerleri bombalaýar.
Harby uçarlar soňky gezek şäheriň günorta günbataryny nyşana aldy.
YDYD guramasy Rakka şäherinden Kobana goşmaça güýç ugradýar.
Habar gulluklarynyň berýän maglumatyna görä Kobanide öýlerini terk etmek islemeýän 1000-e golaý adam bar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar