BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty

BMG-nyň Howa çalşygyna bagyşlanan maslahatyna gatnaşan lideler global ýylylyga garşy bilelikde göreşmek üçin çagyryş etdiler

136273
BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama maslahatda sözlän sözünde global ýylylygyň dünýäniň önündäki iň uly howplardan biridigini aýtdy.

Amerikanyň global ýylylyk meselesindäki jogapkärçiligini kabul eden Obama, oňa garşy göreşde başy çekmekligi wada berdi.
Ýurtlaryň hiç haýsynyň global ýylylyga garşy ýekelikde göreşip bilmejekdigini nygtan Obama, bu meselede geljek ýyl Parižde ylalaşyk gazanmak üçin çagyryş etdi.
Obama Amerikanyň uglerod gazlarynyň zyňylymyny 2020-nji ýyla çenli 17 göterim azaltjakdygyny beýan etdi.
BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bolsa global ýylylygyň döwrümiziň kesgitleýji faktorydyny nygtap “oňa beriljek jogap geljegimizi kesgitlär” diýdi.
BMG-niň parahatçylyk ýüzlenmeçisi hökmünde bellenen meşhur aktýor Lenardo di Kaprio bolsa adamzadyň taryhdaky iň uly howpa sezewardygyny belläp, dünýä lidelerini global ýylylygy çaklama waka ýaly görmekden ýüz öwürmäge çagyrdy.
Maslahatda ÝB2030-njy ýyla çenli uglerod gazynyň zyňylymyny 1990-njy ýyllardaky görkezijilerden 40 göterim aşaklatmak barasynda ähtnama berdi.
Fransiýa ösüp barýan ýurtlaryň uglerod gazynyň zyňylymyny azaltmak we tokaýlaryň aýawly saklanmagy üçin 2009-njy ýylda döredilen gazna 1 milliard dollar goşant goşjakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar