NATO Türkiýäniň ähmiýetini nygtady

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Türkiýäniň hyzmatdaşlykda iňňän möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýtdy

127187
NATO Türkiýäniň ähmiýetini nygtady

Žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Rasmussen, YDYD guramasyna garşy göreş baradaky soraga türk ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini nygtap, “Gerek bolan her pursatda tagalla etdi we goşant goşdy” diýdi.
Yrakda YDYD guramasyna garşy alynyp barylýan göreşde NATO-nyň däl, eýsem meýleýinlerden ybarat bolan koalisiýanyň iş alyp barýandygyny aýdan Ramussen “NATO-nyň çäre görmegi üçin isleg bildirilmedi” diýdi.
Rasmussen YDYD guramasynyň döwlet däl, eýsem terror guramasydygyny, sebitdäki messepparazlyga meçew berýändigini we terrorçylygy eksport edýändigini nygtap, harby çäräniň hökmanydygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar