Jon Kerri resmi sapar bilen Yraga bardy

KerriYragyń Premýer ministri Haýdar Al İbadi we Daşary işler ministri İbrahim Al Jaferi bilen duşuşdy

121224
Jon Kerri resmi sapar bilen Yraga bardy

ABŞ-nyń Döwlet sekretary Jon Kerri Yragyń Premýer ministri Haýdar Al İbadi bilen duşuşdy.


Resmi sapar bilen Yragyń paýtagty Bagdada giden Jon Kerriniń Yragyń Premýer ministri Haýdar Al İbadi we Daşary işler ministri İbrahim Al Jaferi bilen duşuşandygy habar berildi.


Mesele barasynda berlen ýazmaça beýanata görä Yrakdaky syýasy we howpsuzlyk taýdan başdan geçirilýän wakalar barada pikir alyşan İbadi bilen Kerri, Yraga terrorçylyga garşy göreş çäginde halkara derejesinde berilýän kömekler we ABŞ-nyń tagallasy netijesinde YDYD guramasyna garşy halkara derejesinde ediljek hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy.


ABŞ-nyń Döwlet sekretary Jon Kerri saparynyń çäginde Daşary işler ministri Jaferi bilen hem duşuşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar