Husiler Sanada ýollary ýapdy

Husiler Sanada hökümete garşy ýöriş guraýar

117722
Husiler Sanada ýollary ýapdy

Husiler Sanada ýollary ýapdy.


Ýemeniň paýtagty Sanada hökümete garşy guraýan ýörişlerini dowam etdirýän Husiler şähere harby ulaglaryň girmegine we çykmagyna rugsat bermedi.


Ýemendäki Husi hereketiniň liderlerinden Muhammed Al Buhaýti howa menziline tarap barýan ýoly ýapan Husilere howpsuzlyk güýçleriniň berk garşylyk görkezendigi sebäpli paýtagt Sananyň günortasy bilen günbataryndaky ýollaryň harby ulaglar üçin ýapylandygyny nygtady.


Ýollaryň haçan açyljakdygy barada maglumat bermedik Buhaýti hökümetiň wezipesinden çekilmegi, ýangyç barada hökümetiň kabul eden kararynyň bes edilmegi we milli dialog konferensiýasynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegi meselesinde döwletiň ýeterlik derejede tagalla etmeýändigi sebäpli ýöriş guraýandyklaryny belledi


Sanada düýn howa menziline tarap barýan ýoly ýapan Husilere howpsuzlyk güýçleriniň görkezen garşylygy sebäpli 1 adam ýogaldy, 40 adam ýaralandy.


Husiler hereketiniň lideri Abdulmelik Al Husiniň çagyryşyna laýyklykda birnäçe wagtdan bäri paýtagt Sanada hökümete garşy ýörişler guralýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar