Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ukrainada hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylmagyndan bäri iki gün geçdi

116723
Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Emma bolýan çaknyşyklar ylalaşyga howp salýar

Çaknyşyklar uzakly gije Maripyl şäheriniň etraplarynda dowam etdi.
Çaknyşyklardan son şäherdäki ýangyç beketlerinden birinde partlama boldy.
Birnäçe wagt soň bolsa şäherdäki çaknyşyklar bes edildi.
Başga etraplarda-da uzakly gije wagtal-wagtal ýarag sesleriniň eşidilendigi habar berildi.
İr ertir Donetskden ýarag sesleri gelmäge başlady.
Howa menziliniň golaýynda güýçli partlama boldy.
Partlamanyň Russiýanyň tarapynda durýan separatistleriň hüjüm etmegi netijesinde bolandygy habar berildi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin düýn agşam hüjümleriň bes edilmegi bilen bagly telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Poroşenkonyň we Putiniň telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ylalaşygyň yzgiderliligi üçin görülmeli çäreler barasynda pikir alyşylandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar