Owganystanda Talibana garşy operasiýa guraldy

Operasiýalarda 86 başbozar öldürildi

116123
Owganystanda Talibana garşy operasiýa guraldy

Owganystanda Talibana garşy guralan operasiýalarda 86 başbozar öldürildi.


İçeri işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda soňky 24 sagatda Balh, Kandahar, Zabil, Paktika, Gerat, Bagdis, Kapisa we Helmand welaýatlarynda guralan operasiýalarda Talibana agza 86 başbozaryň öldürlendigi, 62-siniň ýaralanandygy nygtaldy.


Beýanatda operasiýalarda 6 başbozaryň göz astyna alynandygy, Taliban tarapyndan Kandahar, Jewizjan we Gerat welaýatlaryna goýlan 6 bombanyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, köp sanly ýarag bilen partlaýjy maddanyň ele geçirlendigi bellenildi.


Soňky döwürde ýurduň çar tarapynda Taliban tarapyndan guralýan hüjümleriň ýokarlamagy sebäpli owgan güýçleri giň gerimli operasiýa başladypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar