NATO-nyň maslahaty öz işine başlady…

Ýokary derejeli maslahata Erdogan hem gatnaşýar

113546
NATO-nyň maslahaty öz işine başlady…

Türkiýä Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýetiň wekilçilik edýän NATO-nyň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylarynyň Maslahaty Britaniýanyň Nýuport şäherinde açyldy.
İki gün dowam etjek maslahatyň gün tertibinde Ukraina meselesi we Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň emele getirýän howpy bar.
Maslahata NATO agza we onuň bilen hyzmatdaşlyk edýän 60 ýurduň lideleri bilen birlikde BMG, ÝB, Halkara Pul Gaznasy we Bütindünýä banky ýaly halkara guramalaryndan ýokary derjeli ýolbaşçylar gatnaşýar.
Maslahata NATO agza bolmadyk Ukrainanyň Lideri Petr Poroşenko hem gatnaşýar.
Poroşenko maslahata gatnaşýan liderlere Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren söhbetdeşligi barasynda maglumat berer.
Maslahatyň çäginde NATO agza ýurtlaryň daşary işler we goranmak ministrleri kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirerler.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we goranmak ministri İsmet Ýylmazyň hem maslahatyň çäginde kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar