Barroso Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Barroso Putine Ukraina meselesinde alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürmegi maslahat berdi

108078
Barroso Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


ÝB Komissiýasynyň başlygy Hoze Manuel Barroso Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine telefon edip Ukrainadaky soňky wakalara we ýurtda dartgynlygyň möwjemegine alada bildirýändigini aýtdy.
ÝB Komissiýasy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda iki liderleriň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde meseleleriň açyk aýdyň seljerlendigi ýatladylyp, Ukrainadaky wakalaryň ÝB-niň Hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen giň gerimli erkin söwda şertnamasynyň durmuşa geçirilmegine we Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda energetika gatnaşyklary ýaly meseleriň diplomatiýa arkaly çözülmegi dogrusynda edilýän tagallalara tersdigi nygtaldy.
Barrosynyň telefon söhbetdeşliginde “Rus esgerleriniň Ukraina girmegine we Ukrainanyň territoriasynda guraýan operasiýalaryny berk ýazgarandygy” ýatladyldy.
Barrosonyň Putine Ukraina meselesinde alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürmegi maslahat berendigi bellenildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar