Miniskde Ukraina meselesine garaldy

Maslahatda dartgynlygyň gowşamagy we ýesirleriň boşadylmagy barada ylalaşyk gazanyldy

104584
Miniskde Ukraina meselesine garaldy

Miniskde Ukraina meselesine garaldy.
Ukrainada başdan geçirilýän wakalara garalan maslahatda Ukraina bilen Russiýanyň krizis meselesinde tapawutly garaýşa eýedigi emma dartgynlygyň gowşamagy we ýesirleriň boşadylmagy barada ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Ukrainanyň Döwlet baştutany Petro Poroşenkonyň, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we Belarusyň Prezidenti Aleksandyr Lukaşenko bilen ÝB-niň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda, taraplaryň Ukrainadaky dartgynlygyň gowşamagy we ýesirleriň boşadylmagy barasynda ylalaşyk gazanyldy.
Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko aragatnaşyk toparynyň döredilmegi we gepleşikleriň Belarusyň paýtagty Miniskde dowam etdirilmegi teklibini kabul etdi.
Maslahatdan soň Putin bilen Poroşenko özara gepleşik geçirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar