Russiýanyň we Ukrainanyň liderleri şu gün Minskde duşuşarlar…

Duşuşykda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşylmagyna garaşylýar

103708
Russiýanyň we Ukrainanyň liderleri şu gün Minskde duşuşarlar…

İki ýurduň arasyndaky dartgynlyk möwjeýärkä Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Belarusyň paýtagty Ministrkde Ýewraziýa Gümrük Bileleşiginiň maslahatynyň çäginde duşuşarlar.
Maslahata ÝB-den hem degişli ýolbaşçylar gatnaşarlar.
ÝB we ABŞ Russiýany separatistlere çäre görmändigi sebäpli birnäçe sanksiýa kararyny kabul edipdi.
Duşuşyklardan ozal Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbaryň ähli jogapkärçiligi resmi Moskwanyň üstüne atmaly däldigini aýtdy.
Putin we Poroşenko 6-njy iýunda Fransiýada Normaniýa hüjümine bagyşlanyp geçirilen çärede Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň töwellaçylyk etmeginde gysga möhletli duşuşyk geçiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar