"Hýundai" täze modeline türkçe at goýmak barada karar kabul etdi

Günorta Koreýanyň dünýä belli ulag markasy “Hýundai” täze ýokary amatlykly modeline “Arslan” adyny dakmak barasynda netijä geldi. “Arslan” ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarylar

103507
"Hýundai" täze modeline türkçe at goýmak barada karar kabul etdi

Geçen maý aýynda Busan Awtoulag sergisinde “AG” kody bilen tanyşdyrylan “Hýundainiň” ýokary amatlykly täze modeline türkçe “Arslan” adynyň dakylmagy barasynda garaşylmadyk karar kabul edildi.
“Hýundaiden” “Arslan” ady barasynda berlen beýanatda “Öndüren ulagymyz özboluşlyklary taýdan edil “arslan” ýaly. Sowukganly görünýär, emma awçylyk taraplaram bar” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar