YDYD guramasy tarapyndan abanýan howp dowam edýär

YDYD guramasy şaýy türkmenleriniň ýaşaýan sebitine hüjüm gurady

102132
YDYD  guramasy tarapyndan abanýan howp dowam edýär

Yrakda Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan abanýan howp dowam edýär.
YDYD guramasy şaýy türkmenleriniň ýaşaýan sebitine hüjüm gurady
Kerkuk bilen Tuzhurmatunyň arasyndaky Elasryýa we Selam obasy bilen Hasa sebitinden çaknyşyk habarlary gelýär.
Tuzhurmatu Yragyň ýaragly güýçleriniň çekilmeginden soň 11-nji iýunda peşmerge güýçleriniň gözegçiligine geçipdi.
BMG Kerkuk bilen Bagdadyň arasyndaky Amerli şäherçesinde esasy bölegi türkmenlerden ybarat 20 müň adama gyrgynçylyk howpunyň abanýandygyny aýan etdi.
Bagdat we Kerkuk şäherlerinde guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 48 adama ýetdi.
Hüjümleriň jogapkärçiligini YDYD guramasy öz üstüne aldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar