Hytaýda 8 uýgura ölüm jezasy berildi

Hytaýyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda 8 adam ýaragly aksiýa gurandyklary sebäpli ölüm jezasyna höküm edildi

101698
Hytaýda 8 uýgura ölüm jezasy berildi

Ölüm jezasynyň haçan ýerine ýetirilendigi barasynda habar berilmedi. Emma şol aksiýalarda uýgurlara garşy basyş syýasatynyň täsiriniň güýçlidigi nygtalýar.
Ölüm jezasyna adam öldürmek, oda bermek, partlaýyjy maddalary öndürmek, ammarlamak, paýlamak we döwletiň howpsozlygyna wehim salmak ýaly etmişleriň sebäp bolandygy öňe sürülýär.
Ölüm jezasyna höküm edilenlerden üç sanysynyň geçen ýyl paýtagt Pekindäki Tiananmen meýdanyndaky mähelläniň üstüne ulag sürendigi we üç adamyň ölmegine, 39 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygy nygtalýar.
Galan 5 adamyň bolsa Aksu we Hotan şäherlerinde polise hüjüm edendikleri, 1 adamy öldürendikleri we radikal wideo-ýazgylara tomaşa edendikleri habar berildi.
Höküm edilenleriň haçan öldürilendikleri näbelli bolmagynda galýar.
Ýurtdaky partlama we pyçakly hüjümler ýaly wakalar gönüden göni “radikal toparlar” bilen baglanşdyrylýar.
Hytaýyň hökümeti tussag etmek, kazyýet işine çekmek, onuň baryşy barada maglumat bermeýär. Diňe çykarylan karary resmi media arkaly habar berýär.
İýun aýynda-da şeýle sebäplerden 13 adama ölüm jezasy berilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar