Erbola garşy berk çäreler görülýär

Günbatar Afrikada 1400-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Erbola epidemiýasy dowam edýär

101603
Erbola garşy berk çäreler görülýär

Siýerra Leonada ýaşaýan iňlis raýatlaryndan birinde erbola wirusynyň bardygy anyklandy.
Öldüriji epidemiýa duçar bolan ilkinji iňlis raýatynyň Britaniýa getirilip-getirilmejekdigi näbelli bolmagynda galýar.
Habarnama ýagdaýyna getirilen adam pidalaryna we epidemiýa ýokaşanlar baradaky maglumata howpyň göwrümini beýan etmeýändigi sebäpli ünssiz çemeleşilendigini beýan eden Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy, epidemiýanyň 6-9 aýyň dowmynda gözegçilik astyna alynyp bilinjekdigine ünsleri çekdi.
Gurama soňky habarnamasynda Afrikanyň käbir sebitlerinde hassalyga uçranlaryň saglyk merkezlerine gitmegiň deregine öýlerinde ölüme garaşmagy saýlap alýandyklaryny beýan edýär.
1427 adamyň ýogalan ýeri bolan Günbatar Afrikada epidemiýanyň ýaýramazlygy üçin görülýän çäreleriň gerimi giňeldilýär.
Siýerradan, Gwineýadan we Siýerra Leonadan uçar saparlaryny bes eden Pildişi Kenarlary, iki ýurt bilen serhetlerini ýapandygyny habar berdi.
Siýerra Leonada-da epidemiýanyň ýaýramazlygy üçin berk çäreler görülýär.
Ýurtda gündelik durmuş bilen birlikde syýahatçylyk pudagynda-da çäklendirmeler dowam edýär.
Köp sanly daşary ýurtly ýurdy terk etdi. Motosiklet bilen ýolagçy gatnadýanlar hem ýolagçy tapmakda kynçylyk çekýär.
Erbola wirusy suw ýa-da howa arkaly ýokaşmaýar, hassalaryň beden suwklygy arkaly ýaýraýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar