Dünýa ebola wirusyna garşy göreşýär

Wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1427 adama ýetdi

100942
Dünýa ebola wirusyna garşy göreşýär


Bütin dünýä saglygy saklaýyş guramasy wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1427 adama ýetendigini aýan etdi.
Wirusa garşy göreşiň birnäçe aý dowam edip biljekdigi nygtaldy.
Liberýada, Ginede we Sierra Leonede 1 milliona golaý adam karantina astyna alyndy.
Wirus başga ýurtlara hem howp salýar.
İspaniýada ebola sebäpli adatdan daşary ýagdaýa geçildi.
Barselona şäherde Senegally bir adam ebola wirusy şübhesi bilen hassahanada bejeriş astyna alyndy.
İspaniýada Liberýada ebola wirusyna duçar bolan 75 ýaşyndaky ruhany Madride gelenden soň geçen hepde ýogalypdy.
Wirusa garşy Fransuz Howa Ýollary herekete geçdi.
Uçarlara ekipažy we ýolagçylary gorajak ýörite enjamlary öz içine alýan ilkinji kömek bukjalary ýerleşdirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar