YDYD guramasyna garşy guralýan hüjümler dowam edýär

Gollandiýa YDYD guramasyna garşy göreş üçin kürtlere harby enjam taýdan kömek berer

99848
YDYD guramasyna garşy guralýan hüjümler dowam edýär

Yrakda Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy guralýan howa hüjümleri dowam edýär.
Amerikanyň ýaragly güýçleriniň Mosul bendiniň golaýynda ýerleşýän YDYD guramasyna degişli ýerlere guran soňky hüjümlerinde 4 partizan öldürildi.
Amerikanyň ýaragly güýçleri YDYD guramasyna garşy ýene-de 6 howa hüjümini gurady.
Howa hüjümlrinde gurama degişli harby ulaglaryň we gaçybatalganyň haraba öwrülendigi nygtaldy.
Amerikaly harby çeşmeler 8-nji awgustdan bari Yraga 90 howa hüjümiň guralandygyny, şol hüjümlerden 57-siniň Mosul bendiniň golaýynda Yragyň ýaragly güýçlerine goldaw bermek maksady bilen guralandygy ýatladyldy.
Beýleki tarapdan Gollandiýanyň, YDYD guramasyna garşy göreş üçin Yragyň demirgazygyndaky kürtlere harby enjam taýdan kömek berjekdigi habar berildi.
Gollandiýanyň ugratjak harby enjamlary Bagdagyň üstü bilen Erbile ýetirler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar