Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaki dartgylyk möwjeýӓr

Ukrain goşuny serhedi geçenden soň yzarlaab rus barlag toparyna degişli sowutly ulagy hatardan çykarandygyny öňe sürdi

92893
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaki dartgylyk möwjeýӓr

Russiýanyň goranmak ministrligi bolsa Ukraina harby ulag getirmӓndiklerini nygtap, habaryň hakykatyty beýan etmeýӓndigini habar berdi.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryna uğradan ynsanperwer kömegi Ukrananyň serhedinde barlanýar.
Russiýa 300 konteýnyrdan ybarat bolan ynsanperwer kömeginiň Ukraina serhet polisi tarapyndan barlanmagyndan soň Gyzylhaç guramasynyň işgӓrleriniň işgӓrleri bilen degişli ýerlere ugradylmagyny kabul etdi.
Gyzylhaç guramasy howpsyzlyk bilen bagly kӓbir meseleriň bardygyny beýan edip, meselӓniň birnӓçe wagtyň dowamynda çözülip bilinjekdigini habar berdi.
Gurama meselӓniň gysga möhletde çözülmegi üçin çagyryş etdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Finlandiýanyň Prezidenti Sauili Niinistro bilen duşuşdy.
Niinisto taraplaryň arasynda ynsanperwer kömekleri boýunça gazanylan ylalaşygyň hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanyljak ylalaşyga-da goşant goşmagyny tama etdi.
Putin bolsa Niinisto Ukrainanyň gündogarynda dowam edýӓn çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ellerinden geleni etjekdiklerini aýtdy.
Ukrain hökümetiniň Luganska ugradan ynsanperwer kömeginiň şӓhere barandygyny habar berildi.
Beýleki tarapdan Şweýsariýa Ukraina meselesi boýunça ÝB-den garaşsyz hereket etmӓge taýarlanýar.
Şweýrasiýanyň hökümetiniň Bileleşigiň Russiýa goýan sanksiýalaryny berjaý etmejekdigini, emma öz çӓrelerini görjekdigi habar berildi.
Wengriýanyň Premýer ministri hem ÝB-niň Russiýa goýan sanksiýalarynyň ykdysady taýdan özüne zyýan ýetirýӓndigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar