Arap Ligasy Müsüre çagyryş berdi

Müsüre Ysraýyl bilen Palestinaly toparlaryň arasynda hüjümleriň yzygiderli bes edilmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirmegi çagyryşy berildi

88120
Arap Ligasy Müsüre çagyryş berdi


Arap Ligasynyň Müsüre Ysraýyl bilen Palestinaly toparlaryň arasynda hüjümleriň yzygiderli bes edilmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirmegi barada çagyryş berendigi nygtaldy.
Paýtagt Kairde hemişelik wekiller derejesinde geçirlen Arap Ligasynyň maslahatyndan soň berlen beýanatda “Gazada hüjümleriň başlan gününden bäri tagalla edýän Müsüre minnetdarlygymyzy bildirýäris we hüjümleriň bes edilmegi barasyndaky tutumyny takdyr edýäris, şol çäkde tagallalaryny dowam etdirmegini isleýäris” diýildi.
Beýanatda Baş sekretar Nebil Al Arabiniň maslahatda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin halkara derejesinde edilýän diplomatik tagallalar barada habarnama hödürländigi nygtaldy.
Palestinanyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Saib Ureýkadyň hem Gazada ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sany, infstrukturasyna, ýaşaýyş jaýlaryna, mekdep, ybadathana we hassahana ýaly ýerlere ýetirlen zeper barada maglumat berendigi ýatladyldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar