YDYD guramasy 500 ýezidi öldürdi

YDYD guramasy 500 zenany hem ýesir aldy

81968
YDYD guramasy 500 ýezidi öldürdi


Ýrak Damask Yslam Döwleti atly terror guramasynyń ýezidilerden 500 adamy öldürendigi, 500 zenany hem ýesir alandygy habar berildi.
Yragyń Parlamentiniń Kürdistan Ýurtsöýerler bileleşiginiń ýezidi halk deputaty Feýýan Dahil parlamentde metbugata beren beýanatynda “YDYD guramasy Mosulyń Sinjar etrabynda ýezidilerden 500 adamy öldürdi, 500 zenany hem gyrnak hökmünde ýesir aldy, zenanlary Telafer şäheriniń golaýyndaky etrapçalara alyp gitdi” diýdi.
Ýezidilere garşy gyrgynçylyk edilýändigi barada duýduryş beren Feýýan Dahil “Ýezidilik dini YDYD guramasynyń elinde ýok edilýär. YDYD guramasy tarapyndan gözegçilik astynda alandan soń Sinjardan 30 müń ýezidi maşgala göçmäge mejbur boldy. Göç eden sebitlerindäki amatsyz şertler sebäpli 70 çaga bilen garrylardan we zenanlardan ybarat 100 adam ýogaldy” diýi belledi.
Halk deputaty Dahil, Bagdatdaky merkezi hökümet bilen Yragyń Kürt Awtanomiýasyna ýezidileriń halas edilmegi barada çagyryş berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar