YDYD guramasy keramatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär

YDYD guramasy Mosulda Osmanly döwründen galan metjidi nyşana aldy

71262
YDYD guramasy keramatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär

Yrak Damask Yslam Döwleti guramasy keramatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär.
YDYD guramasy Yragyň Mosul şäherinde bu gezek Osmanly döwründen galan Hezreti Sit metjidini nyşana aldy.
Sit pygamber metjidi Juma namazyndan soň YDYD guramasynyň başbozarlary tarapyndan boşadyldy.
Metjit içine goýlan bombalaryň uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly partladylmagy sebäpli ýer bilen ýegsan boldy.
Ozal Mosul, Telafer we Kerkuk şäherlerinde din adamlara degişli türbetler bilen şaýy metjitlerini partladan YDYD guramasy düýn bolsa Mosul şäherinde Hezreti Ýunus türbedigini partladypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar