ÝB Eýrana sanksiýalaryň möhletini uzaltdy

Resmi Tähran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň we Germaniýanyň arasyndaky ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmagyndan soň Eýrana goýlan çäklendirmeleri ýeňilleşdiren ÝB, kararyň möhletini 24-nji noýabra çenli uzaltdy

67094
ÝB Eýrana sanksiýalaryň möhletini uzaltdy

ÝB-niň bes eden sanksiýalarynyň düzüminde Eýranyň çig nebitiniň ätiýaçlandyrylmagyna we dalaşmagyna goýlan çäklendirmelerin bes edilmegi bilen birlikde, Eýranyň altyn, gymmatly daş hem-de nebit-himiýa önümleriniň söwdasyna goýlan gadagançylyklaryň bes edilmegi we sanksiýalar bilen baglanşykly bolmadyk pul geçirişlerindäki çägiň ýokarlandyrylmagy hem bar.
P5+1 ýurtlary 2013-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Ženewada Eýran bilen gazanylan wagtlaýyn ylalaşyga laýyklykda sanksiýalary giňgerimli çözgüde çenli gowşadypdy.
20-nji iýula çenli ylalaşyk gazanyp bilmedik taraplar, gepleşikleri Ženewa ylalaşygynyň gazanylan güni bolan 24-nji noýabra çenli uzaltmak barasynda karar kabul edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar