Talibana garşy guralýan operasiýalar dowam edýär

Talibana garşy guralan operasiýalarda 30 ekstremist ýogaldy

65820
Talibana garşy guralýan operasiýalar dowam edýär

Owganystanda Talibana garşy guralýan operasiýalar dowam edýär.
Owganystanyň Host we Helmand şäherlerinde Talibana garşy guralan operasiýalarda 30 ekstremist ýogaldy.
Operasiýalarda 3 owgan esgeri hem ýogaldy.
Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, owgan güýçleri tarapyndan Host şäheriniň Musahil etrapçasynda Talibana garşy guralan operasiýada 23 ekstremist ýogaldy, 12-si hem ýaralandy.
Goranmak ministrligi Helmand şäheriniň Sangin etrabyndaky operasiýada hem 7 ekstremistiň öldürlendigini, 3 ekstremistiň bolsa ýaralanandygyny ýatlatdy.
Operasiýalarda 3 owgan esgeriniň hem ýogalandygy bellenildi.
Taliban mesele barasynda heniz hiç hili beýanat bermedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar