Angela Merkel Ysraýyla goldaw berdi

“Hamasyň elinde täze ýaraglar bar. Hüjüme sezewar bolan her bir ýurt özüni goramaly. Germaniýa hökmünde Ysraýyla goldaw berýäris”

63331
Angela Merkel Ysraýyla goldaw berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Ysraýyla goldaw berdi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Berlindäki Federal metbugat merkezinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Merkel Ysraýylyň Gaza guran hüjümleri hakyndaky soraglara hem jogap berdi.
Tel Awiwiň we İýerusalymyň Hamasyň elindäki roketalar bilen bombalanyp biljekdigini aýdan Merkel “Hamasyň elinde täze ýaraglar bar. Hüjüme sezewar bolan her bir ýurt özüni goramaly. Germaniýa hökmünde Ysraýyla goldaw berýäris” diýdi.
Angela Merkel Müsüriň Ysraýyla we Palestina teklip eden ylalaşygy barasynda bolsa “Müsüriň teklibiniň Arap dünýäsinde kabul edilmegini umyt edýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar