Ysraýyl Gaza sektoryny howadan we deňizden bombalagama dowam edý

Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinden ýogalanlaryň sany 163, ýaralananlaryň sany bolsa 1085 adama ýetdi

127495
Ysraýyl Gaza sektoryny howadan we deňizden bombalagama dowam edý

Deňiz güýçleriniň ýörite topary bolsa demirgazyk kenarlaryndan Gaza girmäge synanşandygy we garşylyk görkezen İzzettin Kassam goşunlary bilen güýçli çaknyşygyň başdan geçirilendigi habar berildi.
Deňiz hüjüm operasiýalaryna Ysraýylyň hüjüm gämileriniň we harby dik uçarlarynyň hem gatnaşýandygy nygtalýar.
Şaýatlar deňizden edilýän hüjümlere garşylyk görkezýän palestinalylara agyr awtomatiki ýaraglar, roketalar bilen hüjüm edilýändigini, palestinaly söweşijileriň Ysraýylyň deňiz güýçlerine ýeňil awtomatiki ýarag, minemýot we RPG roketalary bilen garşylyk görkezýändigi habar berildi.
Gazadanyň howpsyzlyk bölüminiň ýolbaşçylaryndan biri kenarýaka zolagynda çaknyşyklaryň dowam eýän ýerlerinde Ysraýylyň 20-den gowrak uçarmansyz howa ulagynyň uçýandygyny aýtdy.
Ysraýylyň deňizde dowam etdirýän operasiýasynyň dowamynda iki tarapdan çekilen ýitgiler barasynda maglumat berilmedi.
Uruşyň ýedinji gününde Ysraýyl howa we deňiz hüjümlerine gury ýer operasiýasyny hem birleşdirmek üçin taýarlyk görýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar