Russiýanyň Ukraina Krym baradaky ýüzlenmesi

Krymyň indi özleriniň bir bölegini emele getirýändigini nygtan Russiýa, Ukraina yzyna berilmeginiň ara alyp maslahatlaşylmaga-da degişli däldigini beýan etdi

127692
Russiýanyň Ukraina Krym baradaky ýüzlenmesi

Beýanat Kremlin metbugat sekretary Dmitri Peskow tarapyndan berildi.
Radio gepleşiklerinden birinde çykyş eden Peskow, Ukrainanyň “Resmi Moskwa bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin Krymyň Ukraina gaýtarylyp berilmegi baradaky şertine” jogap berdi.
Peskow “Krym Russiýanyň bir bölegini emele getirýär. Yzyna berilmegi, başga tarapa degişli bolmagy we beýleki manipulýasiýalar ara alyp maslahatlaşylmaga-da degişli däl” diýdi.
Kremliň metbugat geňeşçisi Krymyň howpsyzlygynyň rus ýörite güýçleri tarapyndan üpjün edilýändigini hem nygtady.
Krymda 16-njy martda geçirilen referendum bilen bir taraply garaşsyzlyk yglan edilipdi we Russiýa birikmek barasynda karar kabul edilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar