BMG Ysraýyly we Palestinany hüjümleri bes etmäge çagyrdy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Gaza sektorynda hüjümleri bes etmäge çagyrdy

127587
BMG Ysraýyly we Palestinany hüjümleri bes etmäge çagyrdy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi iki gün dowam eden geňeşmelerden soň Gaza sektorynda taraplara hüjümleri bes etmekleri üçin jarnama çap etdi.
Jarnamada Gaza sektorynda başdan geçirilýän dartglyga we iki tarapdaky asuda ilatyň howpsyzlygyna hem-de asudalygyna aada bildirilýändigi nygtalyp, sebitde dartgynlygyň azaldylmagy we 2012-nji ýylyň noýabryndaky gazanylan ylalaşygyň ýaňadandan ýola goýulmagy talap edilýär.
Halkara hukugyna sarpa goýulmagy we asuda ilatyň goralmagy üçin çagyryş edilýän jarnamada, BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Ysraýylyň we Palestinanyň iki döwlet esasynda giňgerimli parahatçylyga eýe bolunmagy üçin gönüden gepleşikleri dowam etdirmekleriniň goldanýandygy nygtalýar.
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň metbugat we dolanşyk jarnamalary 15 agzanyň tassyklamagy boýunça kabul edilýär. Maslahat häsýetindäi şol jarnamalaryň haýsydyr bir hukuky güýji ýok.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar