Putin Latyn Amerika saparyna Kubadan başlady

Putin adany Russiýanyň sebite açylýan söwda gapysy ýagdaýyna getirmegi meýilleşdirýär

126845
Putin  Latyn Amerika saparyna Kubadan başlady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 6 günlük Latyn Amerika saparyna Kubadan başlady.
Kubanyň Soweý soýuzy döwründen galan bergisiniň 90 göterimini geçendiklerini aýdan Putin, portuň we howa menziliniň gurulmagy bilen adany Russiýanyň sebite açylýan söwda gapysy ýagdaýyna getirmegi meýilleşdirýär.
Uly topar bilen Kuba baran Putin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirjek täze taslamalar hakynda pikir alyşdy.
Baglaşylan şertnamalar bilen senagat, energetika, aragatnaşyk, raýat awiasiýasy, saglygy goraýyş we gurluşyk ýaly birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlyk pugtalandyrlar
Kubanyň Prezidenti Raul Kastro halkara derejesinde Russiýanyň alyp barýan syýasatyna goldaw berýändiklerini aýtdy.
Putin Kubanyň hormatly dynç alyşdaky legendar lideri Fidel Kastro bilen hem duşuşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar