Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri jemlenişýär

Arap Ligasy Ysraýylyň Gaza guraýan howa hüjümleri meselesini ara alyp maslahatlaşar

126441
Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri jemlenişýär

Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri jemlenişýär.
Arap Ligasynyň Baş sekretary Nebil Al Arabi, Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň Ysaýylyň Gaza guraýan howa hüjümleri meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişjekdigini aýtdy.
Palestinanyň resmi habarlar gullugy “WAFA-nyň” berýän habaryna görä, Nebil Al Arabi Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa telefon edip, Arap Ligasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Ysraýylyň ýekşenbe gününden bäri Gaza guraýan howa hüjümleri meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişjekdigini aýtdy.
Arabi maslahatyň haçan geçiriljekdigi hakynda maglumat bermedi.
Habarda Mahmud Abbasyň hem Arabi tarapyndan Ysraýyla garşy kabul eden karara hoşallyk bildirendigi nygtaldy.
Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň ýekşenbe gününden bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 108 adam ýogaldy, 805 adam ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar