Obama we Merkel dünýä meseleleri boýunça pikir alyşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel bilen telefon arkaly söhbedeşlik geçirdi

117567
Obama we Merkel dünýä meseleleri boýunça pikir alyşdy

İki liderin Ukrainadaky soňky ýagdaý barasynda pikir alyşandyklary habar berildi.
Ak Tamdan berilen beýanatda Russiýa tarapyndan goldanjak we separatistler tarapyndan kabul ediljek ylalaşyk üçin dowam etdirilýän diplomatik tagallara goldaw beriljekdigi nygtaldy.
Liderler Ukrainanyň gündogarynda dartgynlygyň gowşadylmagy üçin resmi Moskwanyň gyssagly işe girişmelidigi barasynda çagyryşyny ýene-de bir gezek beýan etdiler.
Resmi Moskwa degişli başlangyçlary gys möhletde etmän halatynda Obamanyň we Merkelin Russiýany jezalandyrmak üçin goşmaça çäklendirmeler goýmak barasynda ylalaşandyklary habar berildi.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran bilen dowam etdirilýän ýadro gepleşikleri barasynda-da pikir alyşylandygy, ýadro maksatnamasynyň parahatçylykly maksatlar üçin durmuşa geçirilýändigini subut etmek üçin gepleşikleriň Eýrana pursat hödürleýändigi bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar