Poroşenkonyň ylalaşyk meýilnamasy bozuldy

Ukrainanyň hüjümi bir taraply bes etmegine Russiýanyň tarapdarlary ýaragly hüjüm bilen jogap berdi

102792
Poroşenkonyň ylalaşyk meýilnamasy bozuldy

Russiýanyň tarapynda durýan ekstremist toparlar Russiýa serhedindäki Nowoşahtinsk welaýatyndaky howpsyzlyk nokatlaryna düýn agyr ýaraglar bilen hüjüm gurady.
Guralan hüjümlerde 9 ukrain esgeriniň ýaralanandygy habar berildi.
Rus ýolbaşçylar Donetsk şäherinde ekstremist toparlaryň hüjüminden gaçan 80 ukrain esgeriniň goranmak üçin Russiýa sygynandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko tarapyndan yglan edilen ýaraşyk meýilnamasy 27-nji iýuna çenli hüjümleriň bes edilmegini we ekstremistleriň ýaraglaryny taşlamagyny göz öňünde tütýar.
Meýilnamada Russiýanyň serhedine 10 kilometrlik ara zolagyň döredilmegi we ekstremistlerin günäsiniň geçirlmegi hem nazarda tutulýar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hüjümiň bes edilmegi barasyndaky meýilnama goldaw berdi.
Putin taraplary iki taraply häsýetde ähli harby operasiýalary bes etmäge we gepleşik stolunyň başyna oturmaga çagyrdy.
Emma Putin işe girişmän gepleşik geçirmegiň hakykata laýyk gelmejekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar