YDYD guramasy Yrakdaky hüjümlerini dowam etdirýär

Premýer ministri Nuri Al Maliki YDYD guramasyna garşy söweşjek meýletinlere aýda 644 dollaryň beriljekdigini aýan etdi

101304
YDYD guramasy Yrakdaky hüjümlerini dowam etdirýär

Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyň Yrakda guraýan hüjümleri dowam edýär.
Guramanyň ekstremistleri Kerkük bilen paýtagt Bagdadyň golaýynda Yragyň ýaragly güýçleri we peşmergeler bilen çaknyşýar.
Peşmergeler bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň Kerkükde howpsuzlygy ýola goýandygy nygtalýar.
Paýtagt Bagdadyň golaýyndaky çaknyşyklardan gaçan asuda ilatyň bolsa howpsuz ýagdaýdaky kürt sebitlerine göçýändigi bellenildi.
Peşmergeler YDYD guramasynyň gözegçiligi astyndaky Mosula giden ähli ýollaryň gözegçiligini ele geçirendiklerini we ekstremistleriň şäherden çykyp bilmeýändigini nygtaýar.
Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlere YDYD guramasyna garşy söweşjek meýletinlere aýda 644 dollaryň beriljekdigini aýan etdi.
Şaýy dini liderleriň hem çagyryşy bilen ýaragly güýçleriň hatarynda iş alyp barmak üçin ýüz tutanlaryň sanynyň 2 milliona golaýlandygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar