Putin bilen Poroşenko telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň gündogaryndaky soňky wakalar hakynda pikir alyşyldy

98511
Putin bilen Poroşenko telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Putin Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kreml tarapyndan mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň gündogaryndaky soňky wakalar hakynda pikir alyşylandygy nygtaldy.
Beýanatda “Wladimir Putin Lugansk welaýatynda ýogalan rus žurnalistlerine uly gynanç bildirip, biynjalyklygyny beýan etdi we Ukrainada iş alyp barýan žurnalistleriniň howpsuzlygynyň ýola goýulmalydygyny nygtady” diýildi.
Ukrainanyň Prezidentiniň hem ýogalan rus žurnalistleri üçin Putine duýgudaşlyk bildirendigi we waka bilen baglanşykly derňew işiniň gozgalmagy we žurnalistleriň howpsuzlygynyň ýola goýulmagy üçin görkezme berendigi ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar