Ukraina ylalaşyk meýilnamasyny durmuşa geçirer

Ukrainanyň Milli howpsyzlyk we goranyş geňeşiniň mejlisi Prezident Petr Poroşenkonyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

97930
Ukraina ylalaşyk meýilnamasyny durmuşa geçirer

Poroşenko mejlisde sözlän sözünde Lugansk we Donetsk welaýatlaryndaky dartgynlyk sebäpli mejlisiň nobatdan daşary geçirilýändigini aýtdy.
Poroşenko mejlisiň dowamynda taýarlanan ylalaşyk meýilnamasy barasynda giňişleýin pikir alyşjakdyklaryny nygtap “Şu gün kabul ediljek kararlara laýyklykda ylalaşyk meýilnamasynyň durmuşa geçirliş tapgyry kesgitlener. Biz ony şu hepdäniň dowamynda durmuşa geçirmäge başlamagy umyt edýäris” diýdi.
Serhet howpsyzlygynyň dolulygyna üpjün edilmegi bilen hüjümleriň bes ediljekdigini nygtan Poroşenko, ýola goýuljak ylalaşyk tapgyrynyň çäkli boljakdygyny aýtdy.
Poroşenko Lugansk we Donetsk welaýatlarynda ýaşaýanlaryň howpsyzlygyny kepillendirmegiň ähmiýeti barasynda-da durup geçdi.
Ekstremistlerden uly jenaýatlara goşulyşmadyklaryň günäsiniň geçiljekdigini nygtan Poroşenko, ýaraşyk meýilnamasy bilen ýerli häkimiýetleriň ygtyýarlarynyň hem artjakdygyny, meýilnamanyň çäginde möhletinde irki ýerli saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy.
Petr Poroşenko Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň mümkinçilikleriniň we ukybynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns beriljeldigini nygtap, geçirilen soňky operasiýalardan soň serhetde elden gidirilen gözegçiligiň esasy böleginiň yzyna alynandygyna ünsi çekdi.
Poroşenko Premýer ministr we Mejlisiň Başlygy bilen konstitutsiýa üýtgetme girizmek barasynda-da pikir alyşandyklaryny nygtap, konstitutsiýa giriziljek üýtgetmäniň taslamasynyň şu gün hepde Mejlisiň garamagyna hödürlenjekdigini we Wenesiýa komissiýasyna ugradylmagyny tama edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar