Obama Putin bilen duşuşdy

İki lider Ukrainada geçirlen saýlawlar hakynda pikir alyşdy

85558
Obama Putin bilen duşuşdy

Fransiýada saparda bolan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
İki lideriň Ukrainada geçirlen saýlawlar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Duşuşykda Obamanyň rus kärdeşine Ukrainadaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Poroşenkonyň Prezident hökmünde ykrar edilmegini, aýralykçy toparlara Russiýa tarapyndan berilýän goldawyň kesilmegini we serhetden ýaragyň daşalmagy işleriniň saklanmagyny isländigi nygtaldy.
Ukrainanyň Prezidenti Poroşenkonyň reforma sözüni berendigine ünsi çeken Obama, Russiýanyň resmi Kiýew bilen işleşmelidigini nygtady.
Obama Putine Ukraina meselesinde alyp barýan syýasatyny üýtgetmän halatynda Russiýanyň çetleşdiriljekdigi hakynda duýduryş berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar