NATO degişli harby gämiler Tunise bardy

NATO degişli harby gämiler Tunisiň Halkul Wadi portuna bardy

76920
NATO degişli harby gämiler Tunise bardy

NATO degişli harby gämiler Tunisiň Halkul Wadi portuna bardy.
NATO-nyň Deňiz güýçleriniň operasiýalardan jogapkär başlygynyň orunbasary Arian Minderhoud Tunisde beren beýanatynda Orta ýer deňzinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin iş alyp barýan türk, iňlis, italiýan we nemes harby gämileriniň porta lawryny taşlandygyny nygtady.
Minderhoud “Esasan hem ýurduň günortasynda başdan geçirilýän wakalardan soň Orta ýer deňziniň howpsuzlygy meselesi bizi ýakyndan gyzyklandyrýar. Bu ýeri NATO üçin diýseň möhüm” diýdi.
Minderhoud mundan başgada NATO-nyň sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge we terrorçylyga garşy göreşmäge dowam etjekdigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar