Azerbaýjanyň goşunynyň operasiýalary dowam edýär

Azerbaýjanyň goşunynyň topraklaryny Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etmek üçin başladan operasiýalary dowam edýär

1512938
Azerbaýjanyň goşunynyň operasiýalary dowam edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn gije Agdere, Fuzuli, Jebraýyl we Gubadly ugurlar boýunça operasiýalaryň dowam edendigi mälim edildi. 

Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň goşunynyň goranyş liniýasyna toplar we minomýotlar bilen od açandygy aýdylýan beýanatda, Jebraýyl we Gubadly liniýasynda Ermenistanyň goşunynyň ýitgi çekip, yza çekilendigi habar berildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň Ermenistanyň goşunynyň 5-nji polkuna degişli goranyş liniýalaryny we ol ýerlerdäki ýaragdyr ok-därileri ele salandygy, köp sanda esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Ermenistanyň goşunynyň 6-njy we 7-nji polklarynyň arasynda hem köp sanda ýogalan we ýaralanan esgerleriň bardygy beýan edildi. 

Çaknyşyklaryň dowamynda 3 top batareýasy bilen birnäçe mortiranyň we esgerleri daşaýan ulagyň Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan ýok edilendigi aýan edildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň front liniýanyň ähli ugurlary boýunça gözegçiligi elinde saklaýandygy mälim edildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen başga bir beýanatda bolsa, Ermenistanyň goşunynyň Terter şäherine toplar bilen hüjüm gurandygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan Ermenistana degişli takmynan 400 esgeriň düzüminde bolan 556-njy polk batalonynyň dolulygyna diýilen ýaly Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi beýan edildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Beýanatda Jebraýyl ugry boýunçe geçirilen operasiýanyň netijesinde Ermenistanyň goşunynyň 556-njy polk batalonynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar