Azerbaýjan Jebrailiň Ýene-de 13 Obasyny Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

Azerbaýjanyň goşunlary birnäçe obany basyp alyşlykdan halas etmek bilen hüjümlere degişli jogaby berdi

1511500
Azerbaýjan Jebrailiň Ýene-de 13 Obasyny Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

 

Azerbaýjanyň goşunlary Jebrail welaýatynyň ýene-de 13 obasyny Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas etdi.

Prezident Ilham Aliýew, Twitterden beren habarnamasynda, Ermenistanyň goşunlarynyň 18-nji oktýabrda güýje giren wagtlaýyn gumanitar ylalaşygy basgylap Azerbaýjanly ilatly ýerlere hüjüm edendigini aýtdy.

Soňky hüjümlerde adam pidasynyň çekilmändigini aýdan Aliýew, Azerbaýjanyň goşunlarynyň birnäçe obany basyp alyşlykdan halas etmek bilen hüjümlere degişli jogaby berendigini ýatlatdy.

Aliýew habarnamasynda, “Jebrail welaýatynyň Soltanly, Emirwarly, Maşanly, Hasanly, Alikeýhanly, Kumlak, Hajyly, Göýerçinweýselli, Niýazgullar, Keçel Memmedli, Şahwelli, Hajy Ismaýylly we Isakly obalaryny basyp alyşlykdan halas etdi. Garabag Azerbaýjandyr” diýdi.



Degişli Habarlar