Fuzuli Şäheri Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi

“Biz asla asuda ilaty nyşana almarys. Ermenistana söweş meýdanynda jogap bereris"

1510720
Fuzuli Şäheri Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Fuzuli şäheriniň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilendigini buşlady

Prezident Ilham Aliýew halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşynda Ermenistanyň hyýanatçylykly hüjümleriniň azerbaýjanyň halkyny ruhdan düşürip bilmejekdigini nygtan Aliýew, “Biz asla asuda ilaty nyşana almarys. Ermenistana söweş meýdanynda jogap bereris. Ermenistan adamzat jenaýatyny edýär. Olary jezalandyrarys” diýdi.

“Ýoksul Ermenistan onja ýaragy nireden alýar? Kim olara ýarag berýär? Bikanun ýollardan ýarag ugradylýar” diýen Aliýew, “Fuzuli şaheri basyp alyjylardan halas edildi. Basyp alyşlykdan halas edilen şäherlerde azanyň sesi ýaňlanar” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň goşunlaryna, Azerbaýjanyň territoriasyndan çykmaklary üçin çagyryş berdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar