Ermenistanyň, Azerbaýjanda Ilatly Yerlere Guraýan Hüjümlerinde 47 Adam Ýogaldy

Ermenistanyň hüjümleri sebäpli häzire çenli 47 adam ýogaldy, 222 adam ýaralandy.

1510291
Ermenistanyň, Azerbaýjanda Ilatly Yerlere Guraýan Hüjümlerinde 47 Adam Ýogaldy

Ermenistanyň, Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan top we raketa hüjümlerinde ýogalan asuda ilatyň sany 47, ýaralananlaryň sany 222 adama ýetdi.

Azerbaýjan, sentýabr aýynyň 27-si bilen oktýabr aýynyň 16-y aralygynda Ermenistanyň guran hüjümlerinde çekilen adam ýitgisi barada beýannama berildi.

Ermenistanyň hüjümleri sebäpli häzire çenli 47 adam ýogaldy, 222 adam hem ýaralandy.

Hüjümlerde 1669 ýaşaýyş jaýy, 84 bina, döwlet eýeçiligine degişli 301 bina hatardan çykaryldy.

Azerbaýjanyň goşunlary, Ermenistanyn ilatly ýerlere ot açandygy sebäpli 27-nji sentýabrda operasiýa başladypdy.

Ermenistan, Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan top we raketa hüjümlerini dowam etdirdi.

Ermenistan bilen Azerbaýjan, Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirlen gepleşiklerde 10-njy oktýabrdan ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap Daglyk Garabagdaky jesetleriň we ýesirleriň çalyşygy üçin gumanitar maksatly ylalaşyk gazanypdy.

Ermenistanyň goşunlarynyň ylalaşygyň yzy ýanyndan heniz 24 sagat geçmänkä Azerbaýjanyň Genje şäherine guran raketa hüjüminde asuda ilatdan 10 adam ýogalypdy, 35 adam hem ýaralanypdy.

Düýn hem Terter şäherinde gonamçylygy nyşana alan Ermenistan 4 adamyň ýogalmagyna, 4 adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar