Täze Operasiýa

Hepdäniň Syny

1841444
Täze Operasiýa

Prezident Erdoganyň “Türkiýäniň serhetýakasyndaky terror howpuny ortadan aýyrmak üçin Tel Ryfatda we Manbijde PKK/ÝPG güýçlerini saplar” diýlen beýannamasy, Siriýada uly tolgunma emele getiren bolsa, Türk ýaragly güýçleri we Siriýanyň milli goşunynyň degişli taýýarlyklary görüp, degişli etraplarda giň gerimli operasiýa başlatmagyna garaşylýar. Ukraina meselesiniň ýüze çykaran täze geosyýasy deňagramlygynyň Siriýadaky täsirleri görülmäge başlandy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Prezident Erdoganyň çürt-kesik beýanatyndan soň ünsler Siriýa gönügen bolsa, Türk ýaragly güýçleri we Siriýanyň milli goşuny degişli harby taýýarlyklary görüp, Tel Ryfatda we Manbijde PKK/ÝPG güýçlerini nyşana almak üçin garaşýarlar. Terror guramasy PKK/PÝD 2016-njy ýylda Russiýanyň howa goldawy bilen Tel Ryfady alyp, ol ýeriň ilatyny gabaw astyna alan bolsa, şol PKK/ÝPG güýçleri ABŞ-nyň howa goldawy bilen DAEŞ-e garşy göreş bahanasy bilen Manbiji alyp, iki etrapda-da hökmürowanlyk yglan edip, çagalary ýarag astyna alyp, araplary we türkmenleri başga ýerlere göçürdiler. Şeýlelikde demografik gurluşy öz bähbitlerine özgertmegi nazarda tutýardylar.

Terror guramasy PKK/PÝD-niň iki etraby Azaz, Afrin, Bab, Jarablus ýaly şäherlerde terror aksiýalaryny guramak üçin baza hökmünde ulanýandyklary görülýär. Türkiýe hem milli howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Siriýadaky etraplaryň durnuklylygyny we howpsuzlygyny ýola goýmak üçin adybir ýerlerden terror güýçlerini saplamagy maksat edinýär.

Netijede Tel Ryfatdaky we Manbijdäki PKK güýçleri Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň hemaýatynda iş alyp barýan bolsa, Ukraina meselesiniň ýüze çykaran geosoýasy deňagramlyk Türkiýä işe girişmek taýdan manýowr giňişligini döredýär. Türkiýe Russiýa bilen diplomatik gepleşikler arkaly meseleleri ugrukdyryp, sebitden çekilmegini ýola goýmak isleýär. Degişli gepleşiklerden soň Türk ýaragly güýçleri we Siriýanyň milli goşunynyň herekete geçjekdigini we uly garşylyga sezewar bolmazdan adybir etraplary terror guramasyndan saplajakdygyny aýdyp bileris.

 



Degişli Habarlar