Ukraina Söweşi we Ýakyn Gündogarda Adatylaşma

Hepdäniň Syny

1837523
Ukraina Söweşi we Ýakyn Gündogarda Adatylaşma

Prezident Erdoganyň Siriýada täze bir harby operasiýa hakyndaky çykyşyndan soň Siriýa gaýtadan hereketlendi. Umuman “Siriýada operasiýa bolarmy?” diýilýän soragyň ýerine “Siriýada nirä operasiýa guralar?” diýlen sorag gün tertibinde öňe saýlanmaga başlady. Emma Milli howpsuzlyk geňeşiniň soňky karary başga bir şerti ýüze çykardy. Geňeş “Günorta serhetlerimizdäki operasiýa” frazasyna ünsleri çekdi. Eýsem, şeýle fraza name many aňladýar?

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Geçen ýyllarda Siriýada we henizem Yrakda alynyp barylýan harby operasiýalaryň wagt we ýer taýdan çäkli hem-de kesgitli maksadynyň bardygy görülýär. Mysal üçin “Penje-Gulp” operasiýasy Zap-Metina zolagyndaky terrorçylaryň “täsirleşdirilmegi” üçin. Maksat, ýer däl, eýsem terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi. Siriýada bolsa howpsuz zolak döretmek maksady ileri tutulýardy. Başga bir söz bilen aýdylanda terrorçylykly aksiýalaryň türk serhetlerinden daşlaşdyrylmagy we gumanitar sebäplerden siriýalylar üçin howpsuz zolak döretmek maksat edinilýärdi.

Ýetilen sepgitde Yrakda we Siriýada amala aşyrylan operasiýalaryň maksadyndaky we nyşanasyndaky yzgiderlikde haýsydyr bir özgerlişik görünmeýär. Emma MHG-niň kararynda ulanylan frazanyň täze bir usulyýete ünsi çekýändigini aýtmak ýerliksiz bolmaz.

“Günorta goňşularymyz” hökmünde beýan edilýän Yrakda we Siriýada giň frontda terrorçynyň hereketleri seljerilip, strategik täsir we netije döretjek täze bir harby maksat bar. Şol çäkde; Türkiýäniň serhet howpsuzlygy, terror güýçleriniň ýerinde ýok edilmegi, goşmaça immigrant tolkunynyň öňüniň alynmagy-hatda yza dolanmagyň öňüniň açylmagy üçin howpsuz zolaklaryň giňeldilmegi hökmünde gysgaça beýan ediljek maksatlar mälim. Şol sebapli haýsydyr bir wagtda, haýsydyr bir ýerde, haýsydyr bir usulyýet bilen şol maksatlara ýetilmäge çalyşylar. Ýagny ýumşak düşünje bar.

Eýsem giň frontda guraljak operasiýalar tapgyryna meselä tarap bolup durian ýurtlar nähili reaksiýa görkezer? Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalyklary bilen Ukraina söweşiniň gün tertibinde möhüm eýeleýän günlerinde Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryna gulak gabardýan günbatar dünýäsi bar. Şol sebäpli MkGorke gaýtadan tabşyrylan Siriýa dosýesinde islegsiz ABŞ bökdençlik çykarmak isläp biler.

Emma geosyýasy aladalar sebäpli onsuz hem Siriýa name üçin gelendigi derňelýän amerikalylar 30 kilometrlik çuňluk nygtamasyny ykrar etmeli bolar. Sebäbi sebitdäki borçlaryny berjaý edip bilmedi.

Ruslar üçin bolsa şertler tapawutly. Moskwada wekilhanasy bolan PKK/PÝD-äni Türkiýä we ABŞ-na garşy oýnatgy hökmünde ulanýandygy bilinýär. Ruslaryň Siriýada gözegçiligi elden gidirmezlik üçin çäkli operasiýalara göz ýummagy, emma uly göwrümli operasiýada rus tarapdary hökümetiň dowamatyna gönükmegi garaşylýan ýagdaý. Şol sebäpli Halap ýaly möhüm şäher merkezlerine guraljak operasiýa berk garşylyk görkezjek Russiýanyň 30 kilometre çenli operasiýa islemeýän hem bolsa garşy durmagyna garaşylmaýar. Eger şeýle bolman halatynda Ukraina çozuşyna garamazdan ünslülik bilen deňagramly dowam etdirilýän Türkiýe bilen gatnaşyklar dartgynşar. Aýratynam terrorçylaryň Türkiýe bilen ylalaşma düşnüşmezligine 30 kilometr çuňlukdaky pozisiýalary we işleri ruslary dymmaga mejbur edip biler.

Eýran meselesi bolsa çylşyrymly. Eýranyň PKK/PÝD bilen gizlin dowam edýan dialogy Türkiýe üçin howply. Şol sebäpli Eýranyň hem Yrakda hem-de Siriýada diskurslaryna we aksiýalaryna ünsli çemeleşilmeli.

Netije: Yrakda we Siriýada has işjeň tapgyr başlaýar. Şol bir wagtda-da dürli sebitlerde operasiýalar guralar. Elbetde Russiýa we ABŞ bilen geçirilýän diplomatik gepleşikler netije bermese…



Degişli Habarlar