Türkiýäniň Ukraina Syýasaty

Aktual Analiz

1777584
Türkiýäniň Ukraina Syýasaty

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniş bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň Türkiýäniň Ukraina syýasaty hakynda synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň Ukraina meselesindäki syýasatyny kesgitleýän üç parametr bar.1-nji parametr Türkiýaniň Ukraina bilen dostlukly  gatnaşyklary. Ankara bilen Kiýew uzak ýyllardan bäri strategik derejede gatnaşyk alyp barýar. Syýasy, howpsuzlyk we ykdysady gatnaşyklaryň ýany bilen goranyş senagaty pudagyndaky gatnaşyklary sözüň doly manysynda ýokary. Ukraina Türkiýäniň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri. Özara söwda gatnaşyklary golaýda 7,4 milliard dollardan geçdi. Geçen ýyl 2 milliondan gowrak ukrainaly Türkiýede dynç aldy. Türkiýe Ukraina ähli daşarky howplara garşy ýüz öwürdiji güýjüni artdyryjy uçarmansyz howa ulaglaryny satdy. İki ýurt Türkiýe üçin möhüm bolan käbir strategik ýaraglaryň hereketlendirijisini öndürmek üçin bilelikdäki taslamany iş ýüzüne geçirýar.

Türkiýäniň Ukraina meselesindäki pozisiýasyny kesgitleýän ikinji parametr bolsa Russiýa bilen bolan gatnaşyklary. Türkiýe Russiýa boýunça pudaklaýyn syýasat alyp barýar. Türkiýäniň ençeme günbatar ýurtlary tarapyndan çetleşdirilýän döwründe Ankaranyň Moskwa bilen gatnaşyklary esasanda käbir ugurlarda iňňän möhüm. Umuman çykyş strategiýasy hökmünde kabul edilýän Siriýa we Liwiýa meselelerinde Russiýa bilen çekeleşikli gatnaşyk edýän Türkiýe, bu meseleleriň gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirmegine ýol bermedi.

Beýleki tarapdan Türkiýe we Russiýa, Russiýanyň Türkiýede ýadro reaktor gurmagy üçin ylalaşyga gol çekişdi. Beýleki tarapdan günbatar ýurtlary Ankara güýçli goranyş ulgamyny satmagy kabul etmändigi sebäpli Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almagy ABŞ-nyň berk reaksiýasyna sebäp boldy. Aýratynam Russiýa Türkiýänin esasy ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri. Iň bärkisi Türkiýe rus tebigy gazynyň esasy alyjylaryndan biri we ruslar üçin esasy syýahatçylyk destinasiýalaryndan biri. Türkiýänin Ukraina meselesindäki ileri tutýan ugurlaryndan biri Russiýanyň çetleşdirilmezligi we dialog ýollarynyň açyk tutulmagydyr.

Türkiýäniň Ukraina syýasatynyň üçünji parametri bolsa NATO ýaranlygydyr. NATO Ukraina meselesine gönüden goşulan halatynda, elbetde agza ýurtlar bu meselede ylalaşsalar, ine şonda Türkiýe agza hökmünde Russiýa garşy pozisiýa eýelemeli bolar. Dartgynlyga tarap bolmak, Germaniýa ýaly ençeme NATO ýarany üçin bolşy ýaly Türkiýe üçin hem onuň gymmaty ýokary bolar. Başga bir söz bilen aýdylanda Polşa we Baltika ýurtlary ýaly käbir NATO ýaranlary rus howpundan goragsyzka, Germaniýa we Türkiýe ýaly beýlekiler Russiýa bilen iki taraply gatnaşyklara eýe.

Döwdünji parametr Krym ýarym adasynyň ýerli halky bolan tatarlaryň ýagdaýy. Türkiýe, territoriýasy Russiýa tsarapyndan anneksirlenmeginden zyýan çeken Krym tatarlarynyň çaknyşykda artykmaç zyýan çekmegini islemeýär. Türk resmileri iki döwletiň arasynda söweş turan halatynda ilkinji gurbanlaryň Krym tatarlary boljakdygyny gowy bilýärler. Şol sebäpli Krym meselesinde Ukrainanyň tezislerini goldaýar.

Jemläp aýdanymyzda beýan edilen parametrler sebäpli Türkiýe Ukraina meselesinde bitarap syýasat alyp barýar we töwellaçy pozisiýa eýeleýär. Türkiýe hem Ukraina hem-de Russiýa bilen özara garaşly gatnaşyklara eýe bolandygy üçün, meseläniň ähli sebit ýurtlaryne zyýan ýetirjek giň gerimli sebitara söweşe öwrülmegini islemeýär. Şol sebäpli türk resmileri meseläniň parahatçylykly çözülmegi üçin tagalla etmekde ygrarly.



Degişli Habarlar