DAEŞ-iň Sinadaky Pitnesi we Yzda Galanlar

Aktual Analiz

1773976
DAEŞ-iň Sinadaky Pitnesi we Yzda Galanlar

Terror guramasy DAEŞ Siriýanyň Hasaka welaýatynda, beýleki bir terror guramasy PKK/ÝPG bolsa gözegçilik edýän Sina tussaghanasyna uly göwrümli hüjüm gurady. Ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan çaknyşyklardan soň DAEŞ howpunyň gaýtadan ýüze çykyp, çykmandygy gün tertibine gelen bolsa, PKK-dan peýdalanyp DAEŞ-e garşy göreşmegiň ýalňyşdygy ýene-de bir gezek ýüze çykdy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýanwar aýnyň ahyrlarynda terror guramasy DAEŞ-e tabynlyklykdaky öýjükler Siriýanyň Hasaka welaýatynda terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan gözegçilik edilýän Sina tussaghanasyna uly göwrümli hüjümler guramaga başlady. Gurama degişli köp snaly öýjük herekete geçip, tussaghanany nyşana alan bolsa, tussaghanadaky DAEŞ terrorçylary hem utgaşykly pitneler turuzdylar. Tussaghananyň daşyndaky DAEŞ öýjükleri tussaghananyň demirgazyk bölegindäki gapysyna iki sany bombaly ulag bilen hüjüm gurap, içerde topar döreden DAEŞ terrorçylarynyň gaçmagyna şert döretdi. Arasynda ýokary derejeli diýilýän liderler bilen birlikde ýüzlerçe DAEŞ terrorçysynyň gaçandygy çaklanylýar. DAEŞ-iň öýjükleri Hasakada käbir etrapçalaryň gözegçiligini ele aldy. Çaknyşyklarda iki ýüzden gowrak adamyny ýitiren terror guramasy PKK/ÝPG-ä degişli güýçleriň ýeterlik çäre görüp bilmändigi sebäpli ABŞ-nyň we Britaniýanyň ýörite harby güýçleri operasiýa gurady. ABŞ-nyň Harby howa güýçleri DAEŞ-lileriň gözegçiligine geçen Sina tussaghanasyny we golaýdaky etrapçalary bombalamaga mejbur boldy.

Eýsem Sina pitnesi näme many aňladýar?

Ilki bilen DAEŞ-iň PKK/ÝPG-ä degişli etraplarda gaýtadan güýçlenmäge başlandygy, terror guramasy PKK/ÝPG-niň DAEŞ-e garşy ýeterlik göreşip bilmeýändigini görkezýär. DAEŞ ozalkylara garalanda has güýçlenen bolsa, soňky aksiýalarynyň iňňän utgaşykly we gözegçilikli guralandygyny görkezýär. Aslyna garalanda Sina tussaghanasyndaky pitne synanşygy we soň başdan geçirilenler Türkiýäniň “Bir terror guramasyndan peýdalanyp, başga bir terror guramasyna garşy göreşilmez” tezisiniň nädereje ýerliklidigini ýene-de bir gezek görkezdi. Konýenktural bähbitler alynýan hem bolsa, PKK/ÝPG ýaly terror guramasyndan peýdalanyp DAEŞ-e garşy göreşde hakyky üstünlik gazanmak mümkin däldir. DAEŞ, tersine PKK/ÝPG-niň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda höküm sürmeginden güýç alýar we ondan hyýanatçylykly peýdalanyp gaýtadan güýçlenmäge synanşýar. PKK-nyň sebitiň sosiologiýasyna bap gelmeýän etniki we dünýewi basyşlary hem DAEŞ-iň güýjüne güýç goşýar.

DAEŞ bilen hakyky göreş üçin sebitiň etniki we messep deňagramlyklaryny özünde jemleýän, sebitiň sosiologiýasyna bap gelýän hökümetlere goldaw berilmeli. Şonuň üçin hem Damaskdaky hökümet hökmany suratda çalyşmaly. Eger şeýle bolmasa DAEŞ hakykaty bilen ýüzleşmäge dowam ediler.


Etiketkalar: #pitne , #DAEŞ , #terror guramasy

Degişli Habarlar