Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Ýewraziýa Syn

2144089
Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

2024-nji ýylyň 13-nji maýtynda Samarkand şäherinde Aziýanyň Zenanlar forumy geçirildi. Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde guralan foruma 100 sany ýokary wezipeli zenan gatnaşdy. Forumyň ahyrynda Samarkand Jarnamasy kabul edildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Liu Gužong geçen hepde Özbegistana, Gazagystana we Gyrgyzstana resmi sapar etdi. Gužong 13-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 16-njy maýda Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew we 18-nji maýda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow tarapyndan kabul edildi. Liu Gužongyň saparynyň dowamynda ykdysady meseleler seljerildi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer İbrahim geçen hepde Gyrgyzstana, Gazagystana we Özbegistana resmi sapar etdi. 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Enwer İbrahim Bişkekde Prezident Sadyr Japarow bilen duşuşdy. Geçirilen duşuşykdan soň iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda bilelikdäki jarnama gol çekildi.

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer İbrahim Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew bilen özara we toparara duşuşyklar geçirdi. 17-nji maýda Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri İbrahimiň gatnaşmagynda Gazagystan-Malaýziýa Maýa goýum maslahaty geçirildi. Maslahatda iki ýurduň arasynda 350 million dollarlyk ylalaşyga gol çekildi. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Malaýziýanyň Premýer-ministrini howa menzilinden ugratdy.

Üstümizdäki aýyň 17-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer İbrahim Daşkentde Özbegistanyň Perezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. 18-nji maýda Samarkantda Özbegistan-Malaýziýa İşewürler maslahaty geçirildi.

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana iş saparyny gurady. Gazan şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow, Tatarystanyň ozalky prezidenti Mintemir Şaýmiýew bilen duşuşyklar geçirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji Halkara ykdysady Russiýa-Yslam Dünýäsi: Gazan Forumy 2024” maslahatynyň hormatly myhmany bolup gatnaşdy we “Russiýa Halal Expo” sergisine baryp gördi. Şol maslahata 80-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

16-njy maýda Gazagystanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli howpsuzlyk gulluklarynyň Baş sekretarlarynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda terrorizme garşy göreş, serhetaşa suw serişdeleriniň peýlanylyşy, ulaglar we energetika ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew maslahata gatnaşan myhmanlary kabul etdi. Prezident Tokaýew sebit ýurtlaryny biri-birine ýakynlaşdyrjak “Merkezi Aziýa-2040” resminamasyny şu ýyl kabul etmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi 2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Täjigistana resmi sapar etdi. Ministr Wang Ýi täjik kardeşi Sirožiddin Muhriddin we Prezident İmamali Rahmon bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar