“Ýurdumyza we Halkymyza Edilen Hyýanatçylygy Asla Ýatdan Çykarmarys”

Prezident Erdoganyň Halka Ýüzlenip Eden Çykyşy

1676093
“Ýurdumyza we Halkymyza Edilen Hyýanatçylygy Asla Ýatdan Çykarmarys”

Milletimiziň her bir agzasy deňi-taýy görülmedik dönükligi ýatladygy saýyn, garaşsyzlygymyza we geljegimize has güýçli eýe çykar.

15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň 5-nji ýylynda halka ýüzlenip çykyş eden Prezident Erdogan, “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda anna güni agşamara başlan we ertesi gün halkymyzyň görkezen garşylygy netijesinde maksadyna ýetip bilmedik agdarlyşyk synanşygy, taryhymyzda öçmejek yz galdyrar. Milletimiziň her bir agzasy bu deňi taýy görülmedik dönükligi ýatladygy saýyn garaşsyzlygymyza we geljegimize has güýçli eýe çykar.

Prezident R. T. Erdogan, 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde Prezidentiň kompleksinde halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda: “Eziz halkym, ähliňize ýalkymly salam. Şu gün taryhymyzyň hem hyýanatçylykly hüjüminiň hem-de gahrymançylyk göreşiniň 5-nji ýyly. Sözlerime şol gije watany ugruna janlaryny pida eden 251 şehidimize Alladan rehnet dilemek bilen başlamak isleýärin.

Her biriniň hekaýasy aýry dessan bolan şehitlerimiz görkezen gahrymançylyklary bilen bu halka dönüklik edenlere degişli jogaby berdi. Pygamberlikden soň iň ýokary mertebä, Allanyň gatynda iň belent mertebä eýe bolan şehitlerimiziň amanadyna eýe çykyp olara wepalydygymyzy görkezeris.

“Ýurdumyza we Halkymyza Edilen Hyýanatçylygy Asla Ýatdan Çykarmarys”

Ýaşulysy-ýaşkiçisi, aýal-erkegi, talyby-mugallymy, işçisi-gullukçysy her bir hünärden we her bir gatlakdan bolan ynsany bilen… Dönüklere garşy duran, köçeleri we meýdanlary dolduran, huntaçylara böwet bolan, eneden, ýardan we perzentden geçip watany üçin göreşen gahryman doganlarymyza uly minnetdarlyk bildirýärin.

Ýurdumyza we halkymyza edilen bu dönükligi asla ýatdan çykarmarys. Bu hyýanatçylygyň jogabyny tussag edilen ähli dönüklerden soradyk we soramaga dowam ederis. Bu dünýäde we o dünýäde olardan hasap sorarys.

Eziz halkym “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda anna güni agşamara başlan we ertesi gün halkymyzyň görkezen garşylygy netijesinde maksadyna ýetip bilmedik agdarlyşyk synanşygy, taryhymyzda öçmejek yz galdyrar. Milletimiziň her bir agzasy bu deňi taýy görülmedik dönükligi ýatladygy saýyn, garaşsyzlygymyza we geljegimize has güýçli eýe çykar.

Ýurdumyz, taryhyň dowamynda elbetje birnäçe agdarlyşyga, agdarlyşyk synanşygyna, terrorçylykly hüjümlere sezewar boldy. Emma şol gije başdan geçirlen wakalar bize öz döwletine, öz halkyna ýarag çenän, bigünä adamlaryň ganyny döken şol dönükleriň dünýäniň iň elhenç janlylaryna öwrülip biljekdigini görkezdi.

Milletiň esasy özboluşlyklaryndan biri hem taryhlaryndaky şuňa meňzeş gam-gussalar bilen, jan bilen, gan bilen gazanan ýeňişleridir. Müň ýyllyk watanymyzyň dikensiz gül bagy bolmandygyny, her günümiziň diýen ýaly uly göreşler bilen geçendigini bilýäris. Dünýäniň her bir ýurdunyň we jemgyýetiniň ünsüni özüne çeken geografiýa müň ýyldan bäri watan hökmünde eýe çykmagyň jerimesini töleýäris. Ýakyn töweregimizde soňky bir iki asyrda başdan geçirlen wakalara ser salanymyzda bu jerimäniň öwezini jebisligimizi, bitewiligimizi, doganlygymyzy, döwletimizi we geljegimizi halas etmek bilen doldurandygymyz hakykatdyr.

“Biziň Uly Medeniýete we Taryhy Mirasa Eýe Çykandygymyza Düşünmeýärler”

Yzda galan 8 ýylda başdan geçiren wakalarymyz, sezewar bolan hüjümlerimiz, watanymyza eýe çykmak göreşimiziň dowam etjekdigine ünsi çekýär. PKK, DAIŞ we FETÖ-ýaly birnäçe terror guramasy arkaly taýarlanan senariler ýurdumyzyň boýun egmegini, halkymyzyň ýesir alynmagyny we ýerlerimiziň talanmagyny maksat edinýär. Türkiýä garşy halkara derejesinde iki ýüzli çemeleşilmegi şol senarileriň başga bir görnüşidir.

Müňlerçe, onmüňlerçe kilometr alysdan terror guramalaryna garşy göreş bahanasy bilen gelip, köňül geografiýasymyzy gana we gözýaşyna bulanlar, millionlarça adamyň gelejeklerini elinden alanlar, Türkiýäni durnuksyzlaşdyryp bilmändikleri sebäpli gahar gazaba mündiler. Öz howpsyzlyklary we rahatlyklary üçin ýurdumyzy galkan hökmünde ulanýandyr öýdýänler, aslynda biziň uly medeniýete we taryhyda mirasa eýe çykandygymyza göz ýetirip bilmeýärler. Sebitimizde parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin edýän tagallamyz, beýik we güýçli Türkiýäniň gurulmagy üçin ädilen aýgytly ädimlerdir.

Gezi wakalary bilen dartgynlyk emele getirmäge çalşanlar, aslynda bizi has-da jebisleşdirendiklerini görmeli. Agdarlyşyk synanşygy bilen milletiň ygtyýaryny elinden almaga, döwletimize eýe çykmaga synanşanlar, müňlerçe ýyllyk däbiň soňky halkasyny has-da berçinleşdirendiklerine göz ýetirip bilmedi. Terror guramalary bilen ýurdumyza howp abandyranlar, aslynda doganlarymyzy has-da berçinleşdirendiklerine göz ýetirip bilmedi.

“Beýik we Güýçli Türkiýäniň Gurulmagyny Bökdäp Bilmezler”

Gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta çar tarapda, ýurdumyzy çuň taryhy we medeni gatnaşyklara eýe bolan geografiýalaryndan goparmaga synanşanlar köňül baglarynyň has-da güýçlenmegine sebäp bolandyklaryna göz ýetirip bilmedi. Biziň diňe we diňe tutuş adamzat üçin talap eden hak-hukuklarymyzy özleriniň edişi ýaly syýasy bähbit hökmünde görenler, zuluma, basyşa sezewar bolanlaryň sesi, umydy ýagdaýyna gelendigimiziň syryna düşünip bilmedi. Edil 15-nji iýul gijesi halkymyzyň, dünýäniň iň döwrebap harby ulaglaryny elleri bilen durdurandyklaryna göz ýetirip bilmeýişleri ýaly, ýurdumyzyň beýleki ugurlardaky berk tutumynyň sebäbine hem düşünip bilmedi.

Biz özümiz üçin näme isleýän bolsak, tutuş geografiýamyz üçin, dostlarymyz üçin, adamzat üçin hem şony isleýäris. Muny başga niýetlerimizi gizlemek üçin däl, içginlik bilen edýändigimiz üçin hem baran her ýerimizde kabul edilýäris. Bize sylap sarýa goýýarlar. Siriýada, Liwiýada we Daglyk Garabagda şeýle boldy. Inşalla Owganystanda hem şeýle bolar.

15-nji iýul diňe ýurdumyzda öz garaşsyzlymyza we geljegimize eýe çykmagyň däl eýsem şol bir wagtda bu uly maksadyň hem simwolydyr. Elbetde her bir meselede bolşy ýaly bu hakykat hem görmek isleýän gözler, duýmak isleýän gulaklar, gepleşmek isleýän diller we umytly köňüller üçin şeýledir.

Hudaýa şükür halkymyz bize düşünýär, bize ýol görkezýar, biziň bilen birlikde ýöreýär. İnha şonuň üçin ýurdumyzy ýesir almaga synanşan dönüklere bir asyr ozal bolşy ýaly “Türkiýe ýol bermez” diýýäris. İnha şonuň üçin halkymyza garşy bet-päl çemeleşýänlere “maksadyňyza ýetip bilmersiňiz” diýýäris. Düýn başaryp bilmediler, şu gün hem başaryp bilmediler we ertir hem başaryp bilmezler. Beýik we güýçli Türkiýäniň gurulmagyny bökdäp bilmezler.

“Biziň Ýoldaşymyz Milletimizdir”

Her kim islän adamy bilen ýöräp biler emma biziň ýoldaşymyz milletimizdir. Biziň ýoldaşymyz, Malazgirtden Stambulyň zabt edilmegine, Çanakgaladan Garaşsyzlyk söweşine, Kipr parahatçylyk hereketinden 15-nji iýula çenli watan ugruna janlaryny pida eden ähli şehitlerimizdir. Biziň ýoldaşmyz watany üçin janlaryny gurban berjek gahrymanlarymyzdyr. Biziň ýoldaşymyz aksakgaly atalarymyz, ak saçly enelerimiziň gözü ýaşly eden dogalarydyr. Biziň ýoldaşymyz dünýäniň çar tarapynda bize ynam bildirýän zulyma we basyşa sezewar bolanlaryň umutlarydyr. Biziň ýoldaşymyz özleriniň we ýurtlarynyň geljegine uly ynam bildirýän 2053-nji ýyla uly umyt bilen garaýan ýaşlarymyz we çagalarymyzdyr.

Arhimed: “maňa galdyrgyç beriň, dünýäni süýşüreýin” diýýärä, biz hem ine şu beýik millet bilen dünýäni süýşüreris diýýäris. Bütin dünýä höküm ederis, äleme sesimizi ýetireris. Beýik biribar ýarymyz bolsun!

Rebim bizi 15-nji iýul ýaly dönüklik bilen synamasyn. Rebim ýurdumyzy we milletimizi gorasyn. Rebim işlerimizi ýeňilleşdirsin, tagallamyzy puja çykarmasyn.

Ine şeýle pikirler bilen sözlerimi soňlaýarkam sişenbe güni başlajak Gurban baýramyňyzy gutlaýaryn. Alladan şu mübärek günleriň hatyrasyna milletimizi, musulmanlary we bütin adamzady eşrete ýetirmegini dileýärin. Hoş sag boluň!”



Degişli Habarlar