Liwiýa Söweşinde Soňky Perde

Hepdäniň Syny

1435387
Liwiýa Söweşinde Soňky Perde

 

Liwiýa Söweşinde Soňky Perde

 

Milli ylalaşyk hökümetine (MYH) tabynlykdaky Liwiýanyň goşuny Türkiýäniň goldaw bermeginde Tripolide general Haftara tabynlykdaky söweşijileri ýeňenden soň gündogara tarap öňe süýşüp, kenarýaka şäheri Sirtäni we strategik harby howa bazasy Žufrany almak üçin operasiýa başlatdy. General Haftar bolsa Kairde Sisi bilen duşuşyp, hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýär we azyndan bar bolan şertleri dowam etdirmegiň gözleginde.

 

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Liwiýadaky söweşde Türkiýäniň Milli ylalaşyk hökümetine berýän goldawynyň netijeleri günsaýyn ýokarlaýan bolsa, general Haftar ilkinji gezek goranyş pozisiýasyny eýeledi. Türk ýaragly güýçleriniň Tripolide we Misratada ornaşmagy, Liwiýanyň goşunlaryna harby tälim bermäge we geňeşdarlyk etmäge başlamagy, goşuna gerek bolan harby enjamlary üpjün etmegi urşuň ugruny doly özgertdi. Esasanda ýurduň günbatar etraplarynda howa gözegçiliginiň ele alynmagy bilen Haftara tabynlykdaky söweşijiler agyr ýeňilişe sezewar bolup, yza çekilmäge başlady. Häzirki wagtda çaknyşyklar iki sany strategik ähmiýetli şäherde dowam edýär.

Kenarýaka zolagyndaky Sirte we ençeme harby howa bazasyna eýe bolan Žufra.

Şol iki şäheriň esasy özboluşlygy ýurduň nebit çeşmeleriniň esasy bölegine eýe bolan nebit ýarym aýynyň ugrunda ýerleşmegi. Milli ylalaşyk hökümetine degişli Liwiýanyň goşuny şol sebitleri hem alyp, nebit ýarym aýyna ýetmek we gözegçilik astyna alyp, ýaňadandan önümçilige hem-de eksporta başlamak isleýär. General Haftar Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň talaplaryna laýyklykda ýurduň nebit önümçiligini bes edip, eksporta ara kesme beripdi. Şeýlelikde hem Milli ylalaşyk hökümetine ykdysady taýdan gysyş edilmeli hem-de 1,5 million barrele barabar nebit önümçiliginiň bes edilmegi bilen nebitiň dünýädäki nyrhy ýoklandyrylmalydy. Şol çäkde Milli ylalaşyk hökümeti hüjümleriň bes edilmegi we syýasy çözgüt üçin stoluň başyna oturmazdan ozal Sirte we Jufra bilen birlikde nebit ýarym aýyny almagy nazarda tutýar. Liwiýadaky harby operasiýalaryň we özgerlişikleriň ýany bilen syýasy taýdan hem möhüm wakalar başdan geçirilýär. Birinji nobatda general Haftary goldaýan Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Müsür ýaly ýurtlar hüjümleriň dessine bes edilmegini we mundan artyk ýer ýitirilmeginiň öňüni almagyň kül-külüne düşdüler. Emma iň esasysy general Haftaryň harby hyzmatlaryndan soň başga figuranyň gözelegine girişilmegi. Esasanda Tobrukda ornaşan Wekiller Mejlisiniň başlygy Akile Salih öňe saýlanýan adamlardan biri. Türkiýe bolsa bir tarapdan harby we syýasy goldawyny dowam etdirýän bolsa, esasanda ABŞ-ny we Russiýany deňagramlaşdyrmak taýdan Liwiýada bilelikde pozisiýa eýelemegiň ugrunda. ABŞ-nyň hem soňky günlerdäki Liwiýa syýasatynda Milli ylalaşyk hökümetiniň bähbidine özgerlişikleriň başlandygy görülýär. Russiýanyň gündogarda artýan harby güýçleri ABŞ-ny biynjalyk edýän bolsa, Türkiýe bilen bilelikde hereket etme kynçylygy ýüze çykýar.



Degişli Habarlar