Terrorçylyga Garşy Göreşe Goldaw Jarnamasy

​​​​​​​Onlarça alym, intelligensiýanyň wekilleri, döwletiň dürli edaralarynda işleyän rayatlar ine şeýle at bilen jarnama çap etdiler

896627
Terrorçylyga Garşy Göreşe Goldaw Jarnamasy

Siriýa degişli ýerler, gadymy geçmişimiziň möhüm taryhy wakalaryna şaýatlyk eden, medeniyetimiziň esasy wekilleriniň ýaşap geçen sebitleridir. Şol topraklarda türk, kürt, arap we beýleki halklar ýüzlerçe ýyl doganlarça ýaşap, şol doganlyga howp salan ähli duşmanlara garşy bilelikde göreşip, jebisligini hasam güýçlendiripdirler. Anadoly-Siriýa topraklary doganlygyň, arkalaşygyň, gymmatlyklaryň simwolydyr.

Şol doganlyk elmydama duşman hüjümlerine sezewar bolup gelipdir. Şol hüjümler 1915-1918-nji ýyllaryň aralygynda bolşy ýaly belli döwürlerde aç-açan basyp alyş synanşyklary görnüşinde guralypdyr, emma elmydama ideologik, etniki-rasist, ekstremist usullar bilen dowam etdirilipdir. Siriýada şu günki günde başdan geçirilýänler käbir alymlaryň, alym sumaklaryň we aktiwistleriň görkezmäge synanşyşy ýaly etniki giňişlik eýeleme bäsleşigi däldir.

Şu günki günde serhetlerimiziň aňyr tarapynda, wagtyň geçmegi bilen ýurdumyzyň bitewiligine garşy howp serişdesine öwrülip biljek, Ýakyn Gündogaryň imperialist güýçler tarapyndan dizaýn edilmegine hyzmat etjek hyzmatdaşlygyň tarapynda durýan döwlete meňzeş gurluşyň döredilmegi ugrunda tagalla edilýär. Şol tagallalar düýpli doganlygymyza we sebitiň hemişelik durnuklylygyna howp salýar.

Şol emeli synanşyk başlangyjyndan onuň ýüze çykarmagy ähtimal çüýrük, başarnyksyzlyga mejbur bolan, emma energiýamyzy, güýjümizi azaldyjy, sebitde ýaşaýan halklaryň arasynda hemişelik duşmanlygyň we pajygaly uruşlaryň turmagyna sebäp bolup biljek howply tapgyrdyr. Şol howply tapgyra Türkiýäniň intelligenti, alymy we jemgyýetçilik guramalary bilen ünssiz çemeleşmegine garaşmak ýalňyşlyk bolar. Taryhy jogapkärçiligimize laýyklykda aşakdaky hususlara ähli milli we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek isleýäris.

  • Türkiýe ilki bilen 1946-njy ýyldan şu günki günlere çenli demokratiýasyny güýçlendirmek ugrunda uly üstünlikler gazanan ýurtlardan biridir. sebitiň köp partiýaly funksional ýeke-täk demokratiýasy. Şol jähtden ýurdumyz 1952-nji ýyldan bäri NATO agza hökmünde 65 ýyldan bäri gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýe. Sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen deňeşdirilmejek derejede jemgyýetçilik gurluşa, erkin bazar ykdysadyýetine we bilim mümkinçiliklerine eýedir.
  • Muňa garamazdan ýarym asyrdan gowrak wagt bäri hyzmatdaşymyz bolan ABŞ, dörediliş pelsepesi we ideologik taýdan Maoist, sosialist terror guramasy bolan PKK/PÝD/ÝPG bilen hyzmatdaşlykda demirgazyk Siriýany dizaýn etmek üçin tagalla edýär. Demokratik ýörelgeler bilen Pol Portçy režimiň külkülünde bolan terror toparlarynyň arabaglanşygy bolup bilmez. Ýarag bilen halka basyş edip, özüne giňişlik döretmäge synanşýan, terrory maksada ýetmek üçin serişde hökmünde peýdalanýan guramanyň demokratik başlangyçlara eýe bolmagy mümkin dädir.
  • PKK bilen PÝD-niň arasynda hiç hili tapawut ýok. PÝD, PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolmakdan başga haýsydyr bir tapawutlandyryjy özboluşlyga eýe däl. Abdullah Öjalanyň ýolbaşçylyk etmeginde 1978-nji ýylyň 25-nji noýabrynda döredilen PKK, terrorçylykly aksiýalar bilen şu günki güne çenli 30 müňden gowrak raýatymyzy gyrdy. Soňky bir ýylyň dowamynda guramanyň hüjümleri sebäpli asuda ilatdan 40-dan gowrak adam pida boldy. PÝD Siriýa serhedinden ýurdumyza garşy guralýan terror hüjümlerini gönükdirýän guramalardan biridir. PÝD Siriýa serhedinden biziň ýurdumyza terrorçy we ýarag geçirýär. Guramanyň häzirki ýolbaşçy kadrlary PKK terrorçylaryndan emele gelýär. Siriýada guramanyň geçiren ähli maslahatlarynda we aksiýalarynda Abdullah Öjalanyň portretleriniň bolmagynyň özi hem PKK/PÝD arkalaşygyny görkezmek üçin ýeterlikdir.
  • Şu hýakykatlara garamazdan terror guramasy PÝD-ä ABŞ, gönüden göni öz resmileriniň beýan etmeklerine görä 3000 konteýner ýarag, 2,2 milliard dollar kömek berdi. Şeýle-de amerikaly ýolbaşçylar sebitde şol gurama esaslanyp goşun döretjekdigini beýan etdiler. Türkiýä garşy hüjümlerini dowam etdirýän terror guramasyna berilen ýarag kömegi we berilýän harby tälim gönüden ýurdumyza abanýan howpdyr. Alynan harby enjamlar Türkiýede howpsyzlyk güýçlerine guralýan hüjümlerde peýdalanylýar we tälim berilen terrorçylar şol hüjümleri amala aşyrýar. Onuň Türkiýäniň halk köpçüliginde hoşniýetlilik bilen kabul edilmegi mümkin dädir.
  • ABŞ PÝD bilen edýän hyzmatdaşlygyny DAİŞ-e garşy göreşiň mejburlygy hökmünde düşündirýär. Eýsem ABŞ DAİŞ-e garşy Türkiýäniň bilelikde hereket etme teklibini kabul etmän, terror guramasy DAİŞ-e agyr zarba urlandygyna garamazdan PÝD bilen hyzmatdaşlygyny hasam güýçlendirdi. Üssesine dörediljek goşunyň Türkiýe serhedinde iş alyp barjakdygynyň beýan edilmegi kabul edilmesiz şertdir. ABŞ Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAİŞ bilen göniden söweşip, gurama iň agyr zarbany Türkiýäniň urandygyny ünsden düşürýär. Hatda DAİŞ-e garşy “Ýefrat Galkany” operasiýasynyň öňüni almaga synanşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda şübheli garaýyşlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.
  • PKK/PÝD sebitde ýaşaýan kürtlere wekilçilik etmeýär. Hökmürowan bolan ýerlerinde öz awtoritaryny ykrar etmeýän kürtleri we araplary asyrlardan bäri ýaşan ýerlerinden zor bilen çykaryp, özüni tankyt eden adamlaryň sussuny gynamalar hem-de basyşlar arkaly basmaga synanşdy we pozisiýasyny güýçlendirmek üçin tagalla etdi. Şeýlede zenanlary we çagalary özlerine guralan operasiýalaryň öňüni almak üçin janly galkana öwürýär. ABŞ sebitdäki güýçleri bilen şol operasiýalara synçy hökmünde goldaw berdi.
  • Başdan geçirilenleriň ählisi ABŞ-PÝD hyzmatdaşlygynyň DAİŞ-e garşy bolmandygyny, PÝD-niň kürtlere wekilçilik etmän, eýsem hyzmatdaş terror guramasydygyny görkezýär.

ABŞ terror guramasy bilen ýola goýan hyzmatdaşlygy arkaly Türkiýe bilen taryhy hyzmatdaşlyk gatnaşygyna howp abandyrýar. ABŞ 15-nji iýulda agdarlyşyk synanşygynyň baştutany Fetullah Güleni goramaga dowam edýär. wizalary saklamak arkaly türk milletini jezalandyrmak arkaly “ýola getirjekdigini” pikir etdi we Türkiýäniň halk köpçüliginiň berk garşylygyna sebäp boldy. Ähli päsgelçiliklere garamazdan Türkiýe demokratiýasyny hasam güýçlendirip, sebitleýin parahatçylygyň gaýtadan ýola goýulmagy ugrunda ýoluna dowam eder.

 

Prof. Dr. Abdulhalik Karabulut, Agry İbrahim Çeçen Uniwesiteti

Abdulkadir Ay, Milli Egitim Bakanlygy

Prof. Dr. Abdulkadir Buluş, Nejmettin Erbakan Uniwesiteti

Ylymlaryň Doktory Abdullah Aydyn, Mustafa Kemal Uniwesiteti        

Prof. Dr. Abdullah Çawuşoglu

Ylymlaryň Doktory Abdullah Tyrabzon, Stambul Uniwesiteti

Abdurrdahim Şenojak, Zähmet we Sosial Üpjünçilik Ministrligi

Ylymlaryň Doktory Adnan Küçük, Kyrykkale Uniwesiteti

Ahmet B. Arpa, Ykdysatçy

Ahmet Şewki Zengin, Ahmet Yesewi Uniwesitetiniň Baş Sekreteri

Prof. Dr. Ahmet Uysal, Stambul Uniwesiteti

Ahmet Wehbi Koç, Milli Egitim Bakanlygy

Ali Sali, Premýer ministrlik

Doç. Dr. Ali Büyükaslan, Stambul Medipol Uniwesiteti

Arda Akçiçek, Syýasaty Owreniji

Atila Demirkasymoglu, Ankara Onkologiýa Hassahanasy

Prof. Dr. Aysun bay Karabulut, Ýyldyrym Beýazyt Uniwesiteti

Doç. Dr. Bahattin Karademir, Çukurowa Uniwesiteti

Prof. Dr. Bilgehan Atsyz Gökdag, Kyrykkale Uniwesiteti

Prof. Dr. Birol Akgün, Ýyldyrym Beýazyt Uniwesiteti

Doç. Dr. Birol Merjan, Nejmettin Erbakan Uniwesiteti

Prof. Dr. Burhan Aykaç, Stambul Gelişim Uniwesiteti

Prof. Dr. Bülent Bayat, Gazi Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryBünyamin Taş, Aksaray Uniwesiteti

Doç. Dr. Jahit Bagjy, Türkiye Magaryf Gaznasy

Jahit Epçaçan, Siirt Uniwesiteti

Jan Ajun-SETA

Ylymlaryň Doktory Jan Jeylan, Stambul Medipol Uniwesiteti

Jelal Semiz, Maşgala we Sosial Syýasatlar Ministrligi

Prof. Dr. Jengiz Anyk, Marmara Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryJengiz Şahin, Kastamonu Uniwesiteti

Prof. Dr. Jewdet Joşkun, Giresun Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryJeyhun Jan Özjan, Nejmettin Erbakan Uniwesiteti

Prof. Dr. Çetin Kaya Koç, UC Santa Barbara

Doç. Dr. Ebubekir Jeylan, Stambul Tehniki Uniwesiteti

Ekrem Çoraklyk, Energbetika we tebigy serişdeler ministrligi

Ertugrul Başer, hormatly dynç alyşda

Fadime Özkan- “Star” gazeti

Doç. Dr. Fahrettin Önder, Süleyman Demirel Uniwesiteti

Arş. Gör. Faruk Temel, Erjiyes Uniwesiteti

Fatih Akbaba, ýazyjy

Prof. Dr. Fatih Sawaşan, Milli Goranyş Uniwesiteti

Prof. Dr. Fatih Uşan, Ýyldyrym Beyazyt Uniwesiteti

Güldaly Joşkun, Milat Gazeti

Prof. Dr. Gülgün Erdogan Tosun, Ege Uniwesiteti

Prof. Dr. H. İbrahim Saryoglu, Stambul Uniwesiteti

Prof. Dr. Halil Altyntaş, Erjiyes Uniwesiteti

Prof. Dr. Haluk Alkan, Stambul Uniwesiteti

Harun Kaban, ýazyjy

Ögr. Gör. Hakan Şahin, Medipol Uniwesiteti

Hamit Küçükbatyr, Mersin Welaýat Häkimligi

Arş. Gör. Hande Sunguroglu, Çankyry Karatekin Uniwesiteti

Hasan Öztürk, Ülke Tw

Doç. Dr. Hasan Furkan, Kahramanmaraş Sütçü Ymam Uniwesiteti

Arş. Gör. Hayati Ünlü, Stambul Uniwesiteti

Hikmet Salahaddin Geziji, Selçuk Uniwesiteti

Doç. Dr. Hüsametin Watansew, Selçuk Uniwesiteti

Hüseyin Öz, Hizmet-İş Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygynyň Wekili

İhsan Aktaş, GENAR

İhsan Ayal, Stambul Medeniyet Uniwesiteti

İlyas Topçuoglu, Ankaranyň Aklawçylar Bileleşigi

Dr. İsmail Çaglar, SETA, Syýasat Ykdysadyýet we Jemgyýetçilçik Barlaglar Gaznasy

İsmail Akbyyyk, Zähmet we Sosial Üpjünçilik Ministrligi

Ögr. Gör. İsmail Göktürk, Kahramanmaraş Sütçü Ymam Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryKadir İdin, Stambul Medipol Uniwesiteti

Kenan Serefli, Milli Bilim Müdirligi

Doç. Dr. M. Akif Sarykaya, Stambul Tehniki Uniwesiteti

Mahmut Ewkuran, Maşgala we Sosial Syýasatlar Ministrligi

Mahmut Kaan İlgar, Egitim-Bir-Sen Kars Şahamçasynyň Başlygy

Mehmet Aykal, Gazipaşa Azyk Lomaý Söwda Müdiri

Ylymlaryň DoktoryMehmet Eyüp Kiriş, Afyon Kojatepe Uniwesiteti

Mehmet Haluk Uçkun Ýaşlar we Sport Ministrligi

Mehmet Syddyk Baryk, Hormatly dynç alyşdaky mugallym

Prof. Dr. Mehmet Şahin, Polis Akademiýasy

Prof. Dr. Mehmet Tunçer, Karadeniz Tehniki Uniwesiteti

Merwe Şebnem Oruç, “Yeni Şafak” Gazeti

Doç. Dr. Metin Aksoy, Selçuk Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryMetin Çelik, Selçuk Uniwesiteti

Prof. Dr. Metin Dogan, Ýyldyrym Beyazyt Uniwesiteti

Arş. Gör. Metin Özkan, Gazi Uniwesiteti

Prof. Dr. Muhsin Kar, Nigde Ömer Halisdemir Uniwesiteti

Murad Kafadar, Megapoll Araştyrma we Danyşmanlyk

Doç. Dr.Murat Kirişçi, Stambul Uniwesiteti

Prof. Dr. Musa Yyldyz, Ahmet Ýesewi Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryMustafa Aslan, Adnan Menderes Uniwesiteti

Mustafa Şywgyn, Şywgyn Hukuk Bürosu

Prof. Dr. Muzaffer Şeker, Konya Nejmettin Erbakan Uniwesiteti Rektörü

Prof. Dr. Naji Gündogan, Anadolu Uniwesiteti

Nihal Bengisu Karaja, HaberTürk

Doç. Dr. Nusret Göksu, Kahramanmaraş Sütçü İmam Uniwesiteti

Dr. Oguzhan Bilgin, Gazi Uniwesiteti

Ylymlaryň Doktory Oguzhan Yanaryşyk, Erzinjan Uniwesiteti

Prof. Dr. Osman Erawşar, Akdeniz Uniwesiteti

Prof. Dr. Osman Horata, Hajettepe Uniwesiteti

Prof. Dr. Ömer Pakiş, Hakkari Uniwesiteti Rektörü

Özlem Çaglar Yylmaz, STK Dolandyryjysy

Yrd. Doç. Ramadan Dogan, Trakya Uniwesiteti

Prof. Dr. Ramazan Yelken, Ýyldyrym Beýazyt Uniwesiteti

Ylymlaryň DoktoryRejep Yorulmaz, Afyon Kojatepe Uniwesiteti

Sadullah Özjan, Milat Gazeti

Prof. Dr. Salih Yylmaz, Rusya Araştyrmalary Enstitüsü

Doç. Dr. Selahattin Çynar, Kilis 7 Aralyk Uniwesiteti

Doç. Dr. Seyfullah Ýyldyrym, Ýyldyrym Beýazyt Uniwesiteti

Ögr. Gör. Selçuk Aslan, Dumlupynar Uniwesiteti

Suawi Kemal Yazgyç, TRT

Prof. Dr. Şafak Ertan Çomakly, Polis Akademiýasy

Prof. Dr. Şahmurat Aryk, Kastamonu Uniwesiteti

Şenol Metin, Egitim-Bir-Sen Konya Üniwersitetindäki Şahamçasynyň Başlygy

Dr. Şeyh Abdurrahman Çelik, Medeniyet we Syýahatçylyk Ministrligi

Prof. Dr. Tanžu Tosun, Ege Uniwesiteti

Tarkan Zengin, Harb-İş Kärdeşler Arkalaşygy

Temindar Aytekin, Maşgala we Sosial Syýasatlar Ministrligi

Ülkü Nur Zengin, Syýasaty Owreniji

Ünsal Çetin, Ykdysatçy

Prof. Dr. Üner Kayabaş, Nigde Ömer Halisdemir Uniwesiteti, Lukmançylyk Fakültetiniň Dekanynyň w.w.ý.ý.

Üzeyir Gökçe, Döwlet Demiryollary

Arş. Gör. Ýagyz Aksakaloglu, Gazi Uniwesiteti

Yakup Çelik, Polatly Etrabynyň Ozalky Häkimi

Dr. Yakup Ömeroglu, Ýewraziýa Ýazyjylar Bileleşiginiň Başlygy

Ylymlaryň Doktory Yasemin Abayhan, Hajettepe Uniwesiteti

Ýylmaz Altunsoy, Ýazyjy

Prof. Dr. Ýusuf Sarynaý, TOBB Uniwesiteti

Ýusuf Gezbeli, Maliýe Ministrligi,

Ýusuf Semis, Saglygy Goraýyş Ministrligi

Prof. Dr. Ýusuf Şahin, Aksaraý Uniwesiteti

Doç. Dr. Ýusuf Tekin, Milli Bilim Ministriniň Orunbasary

 

 

 



Degişli Habarlar