Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

2148548
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2024-nji ýylyň maý aýynyň 26-27-i aralygynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Özbegistana döwlet saparyny gurady. Daşkent şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen Wladimir Putin özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 17 şertnama baglaşyldy. Baglaşylan şertnamalaryň arasynda Russiýanyň Özbegistanda ýadro elektrik bekedini gurmagy baradaky şertnama ünsleri özüne çekdi. Rus lideri Putiniň Özbegistana guran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň lukmançylyk we inženerçilik bölümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda aýry aýry konferensiýa geçirildi. Özbegistanda Russiýanyň tanymal 16 ýokary okuw jaýynyň şahamçalary açyldy. Liderler Özbegistan-Russiýa sebitleýin geňeşiň  birinji maslahatyna ýolbaşçylyk etdiler.

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanda saparda boldy. Raşid Meredow resmi saparynyň çäginde gazak kärdeşi Murat Nurtleu, Gazagstanyň Galkynyş we awiasiýa senagatynyň başlygy Žaslan Madiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew tarapyndan hem kabul edildi.

Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte, 2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Gazagystana iş saparyny gurady. Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy. Duşuşykda Gollandiýanyň Gazagystanyň ykdysadiýetine 120 milliard dollarlyk maýa goýandygy nygtaldy. Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte Magsut Narikbaýew uniwersitetine baryp talyplar bilen hem duşuşdy. Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mark Rutteniň NATO-nyň Baş sekretarlygynyň iň güýçli dalaşgärlerinden biridigine ünsi çekdi.

2024-nji ýylyň maý aýynyň 29-31-i aralygynda Müsür Arap Respublikasynyň senadynyň başlygy Abdulwahap Abdulrazik Özbegistana iş saparyny gurady. 30-njy maýda özbek kärdeşi Tanzila Narbaýewa bilen duşuşan Abdulwahap Abdulrazik şol gün Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan hem kabul edildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Pakistana resmi sapar gurady. Ministr Baýramow Yslamabatda Pakistanyň Daşary işler ministri Muhammed Ishak Dar, Pakistanyň Premýer-ministri Şabhaz Şerif we Pakistanyň harby goşunynyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Asim Munir bilen duşuşdy.

2024-nji ýylyň maýynyň 30-da Bakuwa Azerbaýjan-Türkiýe sosial üpjünçilik komissiýasynyň 11-nji maslahaty geçirildi. Maslahata ministrler Sahil Babaýew we Wedat Yşykhan ýolbaşçylyk etdi. Azerbaýjanyň Premýer-ministri Türkiýe Respublikasynyň Sosial üpjünçilik ministri Wedat Yşykhany kabul etdi. Şol gün Ankarada Türkiýäniň Adalat ministri Ýylmaz Tunç bilen Azerbaýjanyň Adalat ministri Fahid Ahmedowyň duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň iki ministrligiň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Şuşada Türki döwletleriň guramasynyň Bilim ministrleriniň 8-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gurama agza ýurtlaryň, Halkara Türk Akademiýasynyň we Türki döwletleriň guramasynyň wekilleri gatnaşdy.



Degişli Habarlar